“Neçža 2” taryhda 2 mlrd dollardan gowrak girdeji gazanan ilkinji multfilm boldy

  • 11.03.2025 15:54
  • 3k+

Hytaýyň “Neçža aždarhalaryň şasyny ýeňýär” (Нэчжа побеждает Царя драконов) multfilmi dünýä prokatynda 2 mlrd dollardan gowrak girdeji gazanan taryhda ilkinji animasion film boldy. Bu barada Variety neşiri habar berýär.

Multfilm dünýä prokatynda 2,06 mlrd dollar gazandy, şol bir wagtyň özünde onuň agramly bölegi içerki prokatyň paýyna düşýär ($2,04 mlrd).
Iň girdejili kino taslamalarynyň umumy reýtinginde “Neçža” multfilmi “Ar alyjylar: Bakylyk urşy” filminden (Мстители: Войну бесконечности, $2,05 mlrd) öňe geçip, altynjy orny eýeledi. Onuň bäşinji orunda ýerleşýän “Ýyldyz söweşleri: Güýjüň oýanmagy” filminiň (Звёздные войны: Пробуждение Силы, $2,07 mlrd) yzyndan ýetmegine-de az galdy.
“Neçža 2-niň” ýeke özi 2025-nji ýylda amerikan prokatynda ähli filmleriň gazananyndan ($1,14 mlrd) iki esse diýen ýaly köp gazandy. Bu taslamanyň býujetiniň bary-ýogy 80 mln dollardygyny göz öňünde tutsaň, ajaýyp netijedir.
Film hytaý halk döredijiliginden aždarhalara garşy göreşýän ýaş ýigit Neçžanyň başdangeçirmeleri barada gürrüň berýär.
Multfilmiň birinji bölümi 2019-njy ýylda çykdy we 20 mln dollar býujet bilen 742 mln dollar gazandy.


düýn 22:32
2k+

194 ýaşly pyşbaga Jonatan resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabynyň ikonasy boldy

Ýerde ýaşaýan janly-jandarlaryň iň garrysy hasaplanýan Jonatan atly aldabra pyşbagasy resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabynyň abraýly «ikona» statusyna eýe boldy....

düýn 09:56
1.9k+

«Maşa we Aýynyň» üç aýy baradaky spin-offy peýda bolar

«Animakkord» studiýasy «Maşa we üç aýy» atly täze multserialy tanyşdyrdy. Ol «Maşa we Aýy» taslamasynyň spin-offy bolar diýip, «The Hollywood Reporter» habar berýär....

düýn 09:53
1.5k+

«Magtymguly Pyragy» filmi Mariý Eldäki kinofestiwalda görkeziler

Mariý El Respublikasynyň paýtagty Ýoşkar-Ola şäherinde birinji Mariý halkara etnik kinofestiwaly geçirilýär. Bu festiwal Russiýanyň, GDA ýurtlarynyň, Aziýanyň we Ýewropanyň kino pudagynyň wekillerini bir ýere......

17.06.2026 11:26
2.3k+

"Melgun Prada geýýär" milliard dollarlyk film franşizasyna öwrüldi

"Melgun Prada geýýär" filminiň dünýä boýunça umumy kassa girdejisi 1 milliard dollardan geçdi. Bu barada Variety žurnaly ýazýar....