Volkswagen ulaglaryna fiziki düwmeler gaýdyp gelýär

  • 11.03.2025 15:09
  • 3.8k+

Sürüjileriň tankydy belliklerinden soň, Volkswagen diňe sensorly düwmeler arkaly dolandyryş ideýasyny terk etmek kararyna geldi. Kompaniýanyň baş dizaýneri Andreas Mindt «Autocar» neşiri bilen geçiren söhbetdeşliginde, esasy funksiýalar üçin fiziki düwmeleriň täzeden giriziljekdigini aýtdy. Onuň pikirine görä, bu çözgüt ulagyň amatlylygyny we howpsuzlygyny ýokarlandyrar.

Täze üýtgeşmeler 2026-njy ýylda çykjak «ID.2all» modelinden başlap güýje girer. Indi ses derejesini, howanyň sazlamalaryny, wentilýatory we gyssagly duýduryş çyralaryny dolandyrmak üçin ekranyň aşagynda fiziki düwmeler bolar. Häzirki wagta çenli bu funksiýalar sensorly süýşürijiler we paneller bilen dolandyrylýardy.

«Bu telefon däl, ulag. Biz muňa düşündik» — diýip, Mindt nygtady. Ol kompaniýanyň «mundan beýläk şular ýaly ýalňyşlyk goýbermejekdigini» hem belläp geçdi.

Volkswagen bu karary müşderileriň islegine görä kabul etdi. Sürüjiler dolandyryşyň has amaly we aňsat bolmagyny talap etdiler.
Volkswagen fiziki düwmelere gaýdyp gelen ýeke-täk kompaniýa däl. Geçen ýyl Hyundai hem sürüjileriň nägileligi sebäpli, şol karara gelipdi.


düýn 09:33
5.9k+

61 ýurtda iň köp satylýan awtoulag markalary yglan edildi; Toyota 25 ýurtda öňdeligi eýeledi

Focus2Move synçy kompaniýasy 2025-nji ýylyň netijeleri boýunça 61 ýurtda iň köp satylan awtoulag markalarynyň sanawyny çap etdi. Garaşylyşy ýaly, dünýä bazarynyň lideri bir wagtyň özünde 25 ýurtda birinji orny......

06.05.2026 08:17
1.7k+

Volkswagen önümçiligini ýylda ýene bir million ulaga çenli azaltmak meýli barada yglan etdi

Volkswagen konserniniň ýolbaşçysy Oliwer Blýume 2028-nji ýyla çenli Ýewropada önümçilik möçberini ýylda takmynan ýene bir million awtomobil azaltmak meýilnamasynyň bardygyny mälim etdi. Bu çäre amaly......

05.05.2026 15:31
2.1k+

Volkswagen kompaniýasy Hytaýda elýeterli Jetta X krossowerini görkezdi

Volkswagen kompaniýasy Hytaý bazary üçin niýetlenen täze Jetta X elektrik krossoweri bilen tanyşdyrdy. Bu modeliň brendiň soňky ýyllarda ýerli önüm öndürijileriň bäsdeşligi sebäpli gowşan ornuny dikeltmäge......

27.04.2026 11:35
2k+

Volkswagen ID. Unyx: nemes tehnologiýasy we hytaý dizaýny

Volkswagen kompaniýasy Hytaýyň Xpeng kompaniýasy bilen tehniki hyzmatdaşlykda döredilen ilkinji seriýaly ulagy — D. Unyx krossowerini satuwa çykardy. Hytaýly müşderileriň islegi esasynda dizaýnlaşdyrylan bu......