“Liwerpul” indi Nike-dan däl-de, adidas-dan geýner

  • 11.03.2025 15:49
  • 4.5k+

“Liwerpul” öz resmi saýtynda adidas sport brendi bilen uzak möhletleýin şertnamanyň baglaşylandygyny habar berdi. Mersisaýdlylar ozal hem bu kompaniýa bilen hyzmatdaşlyk edipdi diýip, klubuň metbugat gullugy habar berýär.

“Liwerpul” we adidas täze köpýyllyk hyzmatdaşlyk barada ylalaşdy, onuň çäklerinde sport egin-eşiklerini öndüriji klubuň resmi hyzmatdaşy bolar. 2025-nji ýylyň 1-nji awgustyndan biziň klubumyz belli üç zolagy geýer – bu taryhda eýýäm üçünji gezek.

Adidas “Liwerpulyň” ähli erkekler, zenanlar we çagalar toparlaryny, şeýle-de klubuň işgärlerini futbol, türgenleşik we gündelik eşik toplumlary bilen üpjün eder.
The Guardian neşiriniň maglumatlaryna görä, “Liwerpul” nemes brendinden ýylda 60 mln funt alar, ýöne şertnamanyň takyk möhleti aýdylmaýar. Mundan öň kluby bäş ýyllap eşik toplumy bilen Nike üpjün etdi. Klub bu kompaniýa bilen şertnama boýunça ýylda 30 mln funt we klub eşiginiň satuwyndan 20% alýardy.
Adidas-yň bäsdeşleri Puma bilen Nike boldy, ýöne olaryň teklipleri iňlis toparyny özüne çekmedi. 
Belläp geçsek, bu “Liwerpul” bilen adidas-yň ilkinji hyzmatdaşlygy däl. Olar 1985 – 1996-njy we 2006 – 2012-nji ýyllarda hem hyzmatdaşlyk etdi. Bu döwürde klub köp sanly baýraklary, şol sanda üç Angliýanyň çempiony titulyny we Angliýanyň Kubogynda üç ýeňşi gazandy.
Adidas futbol eşigi “Liwerpulyň” üstünliginiň sinonimidir – diýip, klubuň metbugat gullugy ýazýar.


düýn 13:51
7.9k+

DÇ – 2026: Dembele hettrik etdi, Kabo-Werde taryha öwrülýär, Eýran welin, Müsürden asgyn geldi...

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň Dünýä çempionatynda G, H we I toparlarynda iň soňky – 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparçalardaky jemleýji orunlar we 1/16 ahyrky tapgyra......

26.06.2026 14:33
12k+

DÇ-2026:  Germaniýa Ekwadordan, ABŞ - Türkiýeden ýeňlip, öňe barýarlar

Futbol boýunça dünýä çempionaty barha we barha gyzyşýar. E, F we D toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş jetwelindäki gutarnykly......

25.06.2026 13:40
9.3k+

DÇ-2026: Winisius bombardirleriň bäsleşigine goşuldy, Marokkodan goşa kambek

Futbol boýunça dünýä çempionatynyň tüýs gyzgalaňly pursatlary dowam edýär. A, B we C toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş......

24.06.2026 22:49
8.1k+

DÇ-2026: Pleý-off tapgyrynyň öňüsyrasynda toparçalardaky ýagdaý nähili? Kim gider, kim galar?

Futbol boýunça 23-nji dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň iň jogapkärli – 3-nji tapgyry başlanýar. Köp ýygyndylar üçin bu ädim pleý-offa (1/16 finala) çykmagyň soňky mümkinçiligi. A käbirleri eýýämden......