Give me Sport Çempionlar ligasynyň taryhynda iň gowy derwezebany saýlady

  • 11.03.2025 15:53
  • 5.5k+

Britaniýanyň abraýly Give me Sport portaly Çempionlar ligasynyň taryhynda iň gowy derwezebanlaryň reýtingini düzdi.

Sanawda birinji orny “Bawariýanyň” derwezebany Manuel Noýer eýeledi, ol topar bilen bilelikde karýerasynda ÇL ýaryşynyň iki gezek ýeňijisi boldy. Onuň yzyndan “Realyň” meşhur derwezebany Iker Kasilýas ýerleşdi. Oýunçy esasy ýewrokubogyň dört gezek ýeňijisi boldy. Üçünji orny “Mançester Ýunaýtediň” öňki derwezebany Edwin wan der Sar eýeledi.
Dördünji orunda “Çelside” oýnan Petr Çeh ýerleşdi. “Ýuwentusda” çykyş eden italiýaly Janluiji Buffon bolsa bäşinji orny eýeledi.
Sanawyň yzyny “Barselonadan” Wiktor Waldes dowam etdirýär. Onuň yzyndan Keýlor Nawas (“Real”/“PSŽ”), Oliwer Kan (“Bawariýa”), Dida (“Milan”), Tibo Kurtua (“Atletiko”/“Çelsi”/“Real”) we Alison Beker (“Roma”/“Liwerpul”) gelýär.
Reýting düzülende diňe bir baýraklaryň sany däl, eýsem şahsy statistika, hünärmenleriň we žurnalistleriň pikiri hem göz öňünde tutuldy.


düýn 13:51
8k+

DÇ – 2026: Dembele hettrik etdi, Kabo-Werde taryha öwrülýär, Eýran welin, Müsürden asgyn geldi...

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň Dünýä çempionatynda G, H we I toparlarynda iň soňky – 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparçalardaky jemleýji orunlar we 1/16 ahyrky tapgyra......

26.06.2026 14:33
12k+

DÇ-2026:  Germaniýa Ekwadordan, ABŞ - Türkiýeden ýeňlip, öňe barýarlar

Futbol boýunça dünýä çempionaty barha we barha gyzyşýar. E, F we D toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş jetwelindäki gutarnykly......

25.06.2026 13:40
9.3k+

DÇ-2026: Winisius bombardirleriň bäsleşigine goşuldy, Marokkodan goşa kambek

Futbol boýunça dünýä çempionatynyň tüýs gyzgalaňly pursatlary dowam edýär. A, B we C toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş......

24.06.2026 22:49
8.1k+

DÇ-2026: Pleý-off tapgyrynyň öňüsyrasynda toparçalardaky ýagdaý nähili? Kim gider, kim galar?

Futbol boýunça 23-nji dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň iň jogapkärli – 3-nji tapgyry başlanýar. Köp ýygyndylar üçin bu ädim pleý-offa (1/16 finala) çykmagyň soňky mümkinçiligi. A käbirleri eýýämden......