TSMC ABŞ-daky ösen çip önümçiligine goýan maýasyny 165 mlrd dollara çenli artdyrdy

  • 11.03.2025 06:24
  • 2k+

TSMC taýwan kompaniýasy ABŞ-daky ösen ýarymgeçiriji önümçiligi boýunça maýa goýumlaryny 165 milliard dollara çenli artdyrýar. «TrendForce» analitikleriniň çaklamasyna görä, bu ABŞ-na 2030-njy ýyla çenli dünýäniň ösen çip bazarynyň 22%-den gowragyna gözegçilik etmäge mümkinçilik berer.

Eger hemme zat meýilnama görä ýola goýulsa, 2030-njy ýyldan soň TSMC-niň ABŞ-daky üç sany täze zawodynyň gurluşygyna başlanar.
Önümçiligi giňeltmek baradaky karar birnäçe faktora baglydyr. Olaryň biri önümçiligiň diňe Taýwanda jemlenmegi bilen baglanyşykly geosyýasy töwekgelçilikleriň peseldilmegi bolup durýar. Mundan başga-da söwda söweşleriniň güýçlenmegi we gümrük paçlarynyň girizilmegi hem munda örän möhüm rol oýnady.

2021-nji ýylda Taýwan dünýäniň ösen çip bazarynyň 71%-ine gözegçilik edýärdi, ýöne TrendForce-yň çaklamasyna görä, 2030-njy ýyla çenli bu görkeziji ABŞ-da we Hytaýda önümçiligiň ösmegi sebäpli, 58%-e çenli pese gaçar.
Şeýle-de bolsa, ABŞ-da önümçiligiň has gymmat düşýändigi bellenilýär, bu bolsa çipleriň we şonuň bilen birlikde ahyrky önümleriň bahasynyň ýokarlanmagyna sebäp bolup biler. Häzirki wagtda, TSMC-niň täze maýa goýumlarynyň bazara bolan täsiri entek o diýen uly däl.


02.06.2026 12:08
1.9k+

LG Electronics kompaniýasynyň paýnamalary ýylyň başyndan bäri 300% ýokarlandy

LG Electronics kompaniýasynyň paýnamalary ýylyň başyndan bäri takmynan 300 göterim gymmatlady. Bloomberg-iň habar bermegine görä, nyrhlaryň bu derejede çalt ýokarlanmagy maýadarlaryň kompaniýanyň robototehnika......

02.06.2026 12:03
11k+

Tramp Ak tamyň çäklerinde geçiriljek turnire taýýarlyk wagtynda UFC-niň eýesiniň paýnamalaryny satyn aldy

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp Ak tamyň çäklerinde geçirilmegi meýilleşdirilýän «UFC Freedom 250» turnirini işjeň mahabatlandyryp başlamazdan biraz öň, TKO Group Holdings (UFC we WWE guramalarynyň eýesi)......

29.05.2026 00:36
2.2k+

Dünýäde ilkinji: Itera durkuny üýtgedýän suwuk platany görkezdi

Amerikanyň Itera startapy dünýäde ilkinji «suwuk» çap edilen plata diýip atlandyrylýan enjamynyň nusgasyny tanyşdyrdy....

30.04.2026 07:20
2.2k+

Hytaý Manus startapynyň 2 milliard dollara Meta kompaniýasyna satylmagyny bökdedi

Hytaý häkimiýetleri amerikan kompaniýasy Meta Platforms-yň Hytaýyň emeli aň startapy bolan Manus-y 2 milliard dollara satyn almak baradaky şertnamasyny ýatyrdy. Bu karar milli howpsuzlyk we tehnologiýalaryň......