Ýapon alymlary çal saçlaryň peýda bolmagyny haýallatmagyň usulyny tapdy

  • 11.03.2025 06:19
  • 8.2k+

Ýaponiýanyň Nagoýa uniwersitetiniň alymlary gök-bakja önümlerinde saklanýan lýuteoliniň saçyň çalarmak prosesini haýalladyp biljekdigini anyklady. Ylmy gözlegiň netijeleri Antioxidants žurnalynda neşir edildi.

Barlaghana syçanlarynda geçirilen tejribäniň dowamynda ylmy gözlegçiler lýuteolini iki usul bilen ulandy: agyz üsti bilen goýbermek we derä çalmak arkaly. Şeýle-de, alymlar syçanlarda başga iki maddany synagdan geçirdi: gesperidin we diosmetin. Ýöne hut lýuteolin has gowy netije görkezdi.
Bu maddany kabul eden syçanlarda çal saçlaryň göterimi 20% derejesinde galdy, gözegçilik toparynda bolsa ol 60-80%-e çenli ýokarlandy.

Lýuteoliniň täsir ediş mehanizmi öýjük aragatnaşygyna jogap berýän endotelinleriň öndürilmegi bilen baglanyşyklydyr. Bu saçyň reňkini gönüden-göni kesgitleýän melanositleriň işjeňligini saklamaga kömek edýär. Lýuteolin seldereý, brokkoli, ysmanak, burç, sogan we käşir ýaly gök-bakja önümleriniň düzüminde saklanýar.
Ylmy gözlegçiler geljekde lýuteoliniň saçyň çalarmagyna we beýleki ýaş üýtgeşmelerine garşy serişdeler üçin esas bolup biljekdigini çaklaýar.

“Lýuteoliniň garramaga garşy täsirleriniň kel galmak ýaly ýaş bilen baglanyşykly beýleki üýtgeşmelere degişlilikde ulanylyp bilinjekdigini öwrenmek gyzykly bolardy” – diýip, ylmy gözlegiň awtorlary belleýär.


düýn 10:51
959

Prada we Axiom Space Aýda geýiljek skafandryň içki gatlagyny görkezdi

"Prada" we "Axiom Space" kompaniýalary LCVG (suwuklyk bilen sowadýan we wentilýasiýa edýän eşik) atly içki sowadyjy we wentilýasiýa eşigini tanyşdyrdylar. Ol astronomlaryň Aýyň üstünde işleýän wagty beden......

08.06.2026 16:45
4.1k+

Ýantar daşynda 40 million ýyl mundan ozal ýaşan guşuň ýelegi tapyldy

40 million ýyllyk taryhy bolan baltika ýantarynyň nusgasyndan guş ýelegi ýüze çykaryldy. Bu tapyndy dünýä ýantarynyň köp böleginiň çykarylýan ýeri bolan Palmniken ýatagynda (Ýantarnyý kärhanasy) edildi.......

08.06.2026 16:26
4.8k+

Kepjebaş ösümligi täze pidalary özüne çekmek üçin ähli awyny diýen ýaly goýberýär

Ýaponiýadaky Okinawa ylym we tehnologiýalar institutynyň (OIST) alymlary "kepjebaş ösümligi" diýlip atlandyrylýan ýyrtyjy ösümlik kaliforniýa darlingtoniýasynyň (Darlingtonia californica) aýratynlyklarynyň......

07.06.2026 20:00
1.8k+

Atoma we aýnalara esaslanan ilkinji dolulygyna awtonom kwant sagatlary döredildi

Alymlar daşky utgaşdyrmasyz wagty ölçemäge ukyply bolan, ilkinji dolulygyna awtonom kwant sagadynyň nazary modelini işläp düzdüler....