SpaceX Floridadaky kosmodromda Starship üçin uçuş meýdançalary gurmagy meýilleşdirýär

  • 10.03.2025 14:56
  • 1.7k+

SpaceX Floridanyň (ABŞ) kenaryndaky kosmodromda Starship uçuşlary üçin infrastrukturasyny giňeltmek baradaky meýilnamasyny tassyklady. Raketa göterijiler «flotuny» döretmek üçin kompaniýa uçuş meýdançalaryny döwrebaplaşdyrar, täze önümçilik kuwwatlyklaryny gurar we NASA-nyň öňki ýerlerini ulanar.

Taslama laýyklykda, LC-39A we SLC-37 ýaly uçuş meýdançalary Starship uçuşlaryna uýgunlaşdyrmak üçin döwrebaplaşdyrylar. LC-39A-daky işler 2025-nji ýylyň ahyrynda täzeden başlar, bu ýerde alaw bölüniş ulgamynyň kämilleşdirilmegi we beton esasynyň berkidilmegi göz öňünde tutulýar.
Starship-iň iň soňky ýygnama işleri Roberts Road-daky GigaBay önümçilik merkezinde guralar. Bu bolsa kompaniýanyň Tehasdaky Starbase-e bolan garaşlylygyny azaldar. Floridadaky täze uçuş meýdançalary uçuşlaryň ýygylygyny artdyrar. NASA üçin geçiriljek missiýalar hem has-da ýygy bolar.
SpaceX kompaniýasy ozal Saturn I we Saturn IB uçuşlary üçin ulanylan SLC-37-ni düzgünleşdiriji edaralar bilen ylalaşykdan soň ulanmagy meýilleşdirýär. Dürli çylşyrymly maksatlara garamazdan, taslamanyň durmuşa geçirilmegi gurluşygyň depginine we ekologiýa rugsatnamalaryna bagly bolar.
Ähli zat meýilnama laýyklykda bolsa, 2026-njy ýyla çenli Floridadaky kosmodrom ýylda 10 gezek Starship uçuşlaryny amala aşyryp biler.


düýn 23:56
4.7k+

Ak tam daşary ýurtlulara gaçybatalga bermegiň doly bes edilýändigini mälim etdi

ABŞ-nyň administrasiýasy daşary ýurt raýatlaryna gaçybatalga bermegini bütinleý bes edýändigini yglan etdi. Bu barada geçirilen brifingde Ak tamyň işgärler apparatynyň ýolbaşçysynyň orunbasary Stiwen Miller......

düýn 11:02
1.7k+

Hytaýly taýkonawtlar kosmos şertlerde ilkinji gezek lukmançylyk halas ediş tälimini geçirdiler

«Şençžou-23» missiýasynyň ekipažy Hytaýyň «Týangun» orbital stansiýasyna gelenden soň ilkinji gezek mikrodartyş şertlerinde lukmançylyk halas ediş tälimini geçirdi....

25.06.2026 14:47
5.2k+

ABŞ-nda Nýu-Ýorky tupanlardan we suw joşgunlaryndan gorajak 10 kilometrlik taslama taýýarlanylýar

ABŞ-nyň Goşunynyň inženerler bölegi Nýu-Ýork şäherini güýçli şumal tolkunlaryndan we suw joşmalaryndan gorajak ägirt uly ulgamyň taslamasyny hödürledi. Bu taslamanyň esasy bölegi Rokhaweý ýarym adasy bilen......

22.06.2026 22:53
6.7k+

DÇ-2026-nyň topy kosmosa-da baryp ýetdi

2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynyň resmi topy bolan Adidas Trionda Halkara kosmos stansiýasyna (HKS) iberildi....