Ýewropa Bileleşiginde çaga dogluşy soňky 60 ýylda iň pes derejä gaçdy

  • 10.03.2025 14:27
  • 3.7k+

2023-nji ýylda Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlarynda 3,67 mln çaga dünýä indi – bu 2022-nji ýyldakydan 5,4% azdyr. Görkeziji soňky 60 ýylda iň pesi boldy.

Ýewropanyň statistika agentliginiň täze hödürlän maglumatlary soňky gezek şeýle pese gaçyşyň 60-njy ýyllaryň başynda hasaba alnandygyny görkezýär.
Täze doglan çagalaryň tas ýarysy (46,4%) ilkinji çagady, olaryň eneleriniň ortaça ýaşy bolsa 29,8 ýaşa deň. Iň pes çaga dogluşy Maltada (aýal başyna 1,06 çaga), Ispaniýada (1,12) we Litwada (1,18) hasaba alyndy.
Iň gowy görkezijiler Bolgariýada (1,81), Fransiýada (1,66) we Wengriýada (1,55) boldy.
Çagalaryň 23%-iniň daşary ýurtly enelerden doglandygy bellärliklidir. Lýuksemburgda bu görkeziji 67% boldy.


05.06.2026 15:42
3.4k+

Amazon Ýewropa ammarlardaky robotlar we 25 müň iş ornuny döretmek üçin 10 milliard ýewro ugradar

Amazon kompaniýasy ýakyn ýyllarda Ýewropadaky ammar we logistika ulgamyny giňeltmäge hem-de döwrebaplaşdyrmaga 10 milliard ýewrodan gowrak maýa goýar. Bu maýagoýumlar sebitde goşmaça 25 000 iş ornuny döretmäge......

02.06.2026 21:16
5.9k+

2050-nji ýyla çenli Ýewropada iň wajyp çig mallara bolan islegiň tas ýarysy galyndylaryň hasabyna üpjün ediler

2050-nji ýyla çenli galyndylar Ýewropa üçin iň esasy möhüm materiallaryň çeşmeleriniň birine öwrülip, sebitiň bu hili çig mala bolan isleginiň 56%-e çenlisini üpjün edip biler. Ýewropa Bileleşigi (ÝB)......

31.05.2026 13:30
7.1k+

Fransiýada 3D-printerde Ýewropanyň iň uly ýaşaýyş jaýy çap edildi

Fransiýada 3D çap tehnologiýasy ulanylyp gurlan Ýewropanyň iň uly ýaşaýyş jaýynyň gurluşygy tamamlandy. 12 hojalyga niýetlenen ýaşaýyş jaýy üç gatly bina bolup, bary-ýogy 34 günde çap edildi....

22.05.2026 14:19
2.1k+

BMG dünýä ykdysadyýetiniň haýallap, inflýasiýanyň ýokarlanjakdygyny çaklaýar

Birleşen Milletler Guramasy geosyýasy gapma-garşylyklar, inflýasiýanyň artmagy we global näbellilikler sebäpli, 2026-njy ýylda dünýä ykdysadyýetiniň ösüşiniň haýallajakdygyny çaklady....