Ram we Jeep täze modellerini çykarmaga taýýarlanýar: Hemi V8, TRX we Cherokee

  • 10.03.2025 11:58
  • 4.4k+

Stellantis 2025-nji ýylda Ram we Jeep üçin giň gerimli täzelenmeleri meýilleşdirýär. Kompaniýa meşhur Hemi V8 hereketlendirijilerini yzyna getirer, wnedorožnikleriň täze wersiýalaryny hödürlär we kuwwatly modelleri kämilleşdirer.

Syzdyrylan maglumatlara görä, Ram 1500 ýokary kuwwaty we dinamikany üpjün edýän 5.7L-lik we 6.4L-lik Hemi V8 hereketlendirijilerini alar. TRX modeliniň öňküsinden has güýçli hereketlendiriji bilen gaýdyp gelmegine garaşylýar. Ol 4,5 sekuntda 100 km / sag tizlige çenli çykyp biler.
Wnedorožnik görnüşlerine aýratyn üns berilýär. Ram 2500 we 3500 HD Night Edition we Warlock trimlerini alar. Mundan hem başga, 430 at güýjüni öndürýän we 1,075 Nm torkly Cummins 6.7L turbodizelli täze Power Wagon peýda bolar.
Şol bir wagtda Jeep täzelenen Cherokee-ni taýýarlaýar, ýöne entek bu barada anyk zat az. Motor1-iň maglumatlaryna görä, krossoweriň täze nesli başga bir platforma geçiriler, bu bolsa onuň göwrümini ep-esli ulaldar.
Dodge üstümizdäki ýylda Hornet GLH sport krossoweri bilen tanyşdyrar. Täze ulag  şu ýyl satuwa çykarylar. Ozal bu brend doly aýdylanda Goes Like Hell - “diýseň ýyndam ýöreýär” diýen manyny aňladýan GLH gysgaltmasy bilen awtoulagynyň konseptini  görkezýärdi. Krossower eýýäm şu ýyl önümçilik modeline öwrüler. Krossower 268 at güýjüni öndürýän kuwwatly hereketlendirijini, şeýle hem Kerol Şelbi tarapyndan döredilen rowaýaty Dodge Omni GLH-den ylhamlanan sport podweskasyny alar. Esasy wersiýasynyň bahasy 29 995 dollar.

22.06.2026 14:34
2.5k+

Koenigsegg-iň Lego kubiklerinden ýasalan nusgasy sagatda 111 km tizlige çykdy

Lego we Koenigsegg kompaniýalary hyzmatdaşlygyň çäginde «Sadair’s Spear» ekstremal trek giperkaryny jikme-jik gaýtalaýan «Koenigsegg Sadair’s Spear Megacar» toplumyny taýýarladylar. Bu ulag markanyň......

21.06.2026 21:15
4.6k+

Toyota rekord derejedäki satuwlara garamazdan, model sanyny azaltmak isleýär

Toyota kompaniýasy rekord derejedäki satuw görkezijilerine garamazdan, awtoulaglaryň model we görnüş sanyny azaltmagy, ünsüni bolsa iň köp isleg bildirilýän hem-de düşewüntli ugurlara gönükdirmegi......

21.06.2026 16:05
3.8k+

Volkswagen-de çökgünlik: ýolbaşçylar kompaniýanyň ýok bolup gitmek howpuny boýun aldy

Germaniýanyň Volkswagen Group awtomobil konserniniň içerki ýagdaýy ýolbaşçylar tarapyndan örän howsalaly diýlip hasaplanýar. Germaniýanyň «Manager Magazin» neşiri kompaniýanyň müdirler geňeşiniň we gözegçilik......

21.06.2026 09:56
6.3k+

Singapurda aşa gara awtomobil boýagy döredildi: ol ýagtylygy doly diýen ýaly özüne siňdirýär

Singapuryň NIPSEA kompaniýasynyň barlagçylary görünýän diapozonda 99,9%-e çenli ýagtylygy özüne siňdirmäge ukyply bolan aşa gara awtomobil örtügini işläp taýýarlady....