Braziliýada iOS programmalaryny başga dükanlardan ýüklemäge rugsat bermegi üçin Apple-e 90 gün möhlet berildi

  • 10.03.2025 11:51
  • 3k+

Braziliýanyň kazyýeti Apple kompaniýasyna 90 günüň dowamynda ýurtda iPhone üçin goşundylary (programmalary) App Store-den başga dükanlardan ýüklemek mümkinçiligini üpjün etmegi tabşyrdy. Kompaniýa ozal Ýewropada hem şular ýaly talaby ýerine ýetiripdi. Çünki Ýewropada «Sanly bazarlar hakynda kanun» (DMA) güýje giripdi diýip, «The Verge» neşiri belleýär.

«Apple eýýäm beýleki ýurtlarda şuňa meňzeş talaplary ýerine ýetirdi. Bu onuň ykdysady modeline düýpli täsir etmedi ýa-da düzedip bolmajak zyýan ýetirmedi» — diýlip, kazyýetiň kararynda aýdylýar.

Apple-a garşy derňew işleri 2022-nji ýylda Mercado Livre söwda platformasynyň şikaýaty esasynda başlapdy. Noýabr aýynda häkimiýetler kompaniýadan alternatiw töleg usullaryna we daşarky programmalary ýükläp almaga rugsat bermegini talap etdiler. Emma soň bu talap yzyna alyndy.
Apple bu karara garşy çykmagy meýilleşdirýär.

«Biz CADE-iň teklip eden wagtlaýyn çäreleriniň ulanyjylarymyzyň gizlinligine we howpsuzlygyna zyýan ýetirip biljekdiginden aladalanýarys. Şonuň üçin bu karara garşy çykmagy göz öňünde tutýarys» — diýip, kompaniýanyň metbugat wekili Fred Saýns aýtdy.


17.05.2026 09:49
2k+

Google dünýäniň iň gymmat 10 brendiniň başyny çekýär. Galan 9 haýsylar?

Kantar kompaniýasynyň çap eden «BrandZ Top 100 Most Valuable Global Brands 2026» atly reýtingine görä, bu ýyl Google soňky dört ýylda ilkinji gezek Apple kompaniýasyndan öňe geçip, dünýäniň iň gymmat brendi......

14.05.2026 12:04
2.6k+

Xiaomi 17-niň satuwy 5 million enjama golaýlady

2026-njy ýylyň 18-nji hepdesine çenli Xiaomi 17 seriýasynyň satuwy 5 million enjama golaýlady, emma bu görkezijiler Hytaý bazarynda iPhone 17-niň netijelerinden ep-esli pes bolmagynda galýar....

03.05.2026 16:10
3k+

Apple-iň girdejisi rekord derejä ýetdi: iPhone 17-ä bolan isleg garaşylandan hem ýokary boldy

Apple kompaniýasy mart aýynda tamamlanan çärýek üçin rekord maliýe netijelerini yglan etdi. Bu üstünligiň esasy sebäbi täze iPhone 17 modellerine bolan çenden aşa ýokary isleg boldy....

29.04.2026 15:00
1.3k+

Geçen ýyl Apple-yň ähli önümleriniň takmynan 1/3-i gaýtadan işlenen materiallardan boldy

Geçen ýyl Apple-niň önümlerinde ulanylan ähli materiallaryň 30%-i gaýtadan işlenen çeşmelerden alyndy. Kompaniýa özüniň ekologiýa strategiýasyny durmuşa geçirmekde uly üstünlikleri gazanandygyny resmi taýdan......