Türkmenistanda daşary ykdysady işi ösdürmek boýunça pudagara topary döredildi

  • 10.03.2025 07:54
  • 3.7k+

Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň daşary ykdysady işini mundan beýläk-de ösdürmek boýunça pudagara topary döretmek hakynda Karara gol çekdi. Degişli resminama habar beriş serişdelerinde neşir edildi.

Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň daşary ykdysady işini mundan beýläk-de ösdürmek, ykdysady ugurly halkara guramalar, maliýe institutlary bilen hyzmatdaşlygy ilerletmek babatda resminamalaryň taslamalaryny işläp düzmek boýunça pudagara topar döredildi. Şeýle hem bu toparyň düzümi, topar hakyndaky Düzgünnama tassyklanyldy.
Bellenilişi ýaly, bu resminama “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda” we “Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň 2022 — 2028-nji ýyllar üçin Konsepsiýasynda” öňde goýlan wezipelere laýyklykda hem-de Türkmenistanyň daşary ykdysady işini mundan beýläk-de ösdürmek üçin halkara we sebitleýin maliýe institutlary bilen işjeň hyzmatdaşlygy ilerletmek maksady bilen kabul edildi.

 


şu gün 08:13
1.1k+

Türkmenistanyň Malaýziýadaky ilçisi şol bir wagtda Bruneýdäki ilçi wezipesine bellenildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Malaýziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Muhammetnyýaz Maşalowy şol bir wagtda Türkmenistanyň Bruneý Darussalam Döwletindäki Adatdan......

şu gün 08:05
2.1k+

Malaýziýanyň premýer-ministri resmi sapar bilen Türkmenistana geldi

18-nji iýunda Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahim resmi sapar bilen Türkmenistana geldi. Saparyň çäklerinde Aşgabatda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge bagyşlanan gepleşikleriň......

düýn 22:09
1.2k+

Türkmenistanyň wekiliýeti Daşkentde geçirilen TIIF-2026 maýa goýum forumyna gatnaşdy

Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri N.Agahanowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti 16—18-nji iýun aralygynda Özbegistanyň paýtagtynda geçirilen bäşinji Daşkent halkara maýa goýum......

düýn 18:14
672

Aşgabatda türkmen-slowak bilelikdäki toparynyň birinji mejlisi geçirilýär

17-nji iýunda Aşgabatda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-slowak bilelikdäki toparynyň birinji mejlisi öz işine başlady. Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň habar bermegine görä, bu çärä gatnaşmak......