BYD Tesla-ny içinden ýandyrylýan hereketlendirijili ulaglara garşy bile göreşmäge çagyrdy

  • 10.03.2025 06:49
  • 2.7k+

Hytaýyň BYD awtoulag kompaniýasy Tesla-a elektromobilleri ösdürmek üçin tagallalary birleşdirmegi teklip etdi. Konserniň wise-prezidenti Stella Li Financial Times bilen söhbetdeşlikde iki kompaniýanyň hem global ulag pudagyny üýtgetmek üçin tagallalary birleşdirip biljekdigini aýdyp, içinden ýandyrylýan hereketlendirijili ulaglary “umumy duşman” diýip atlandyrdy.

Li elektromobilleriň tehnologiýa we hil taýdan içinden ýandyrylýan hereketlendirijili awtoulaglardan öňe geçýändigini belledi.
Şeýle-de, ol Pekiniň ykdysady dartgynlylyga garamazdan, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen tehnologiki hyzmatdaşlyga açykdygyny aýtdy.
Belläp geçsek, ýakynda ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp Hytaýdan harytlaryň importy üçin goşmaça tölegleriň iki esse artdyrylýandygyny aýdyp, söwda dartgynlylygynda täze bir tapgyry başlady.
Fewral aýynda BYD-yň ýolbaşçysy Wan Çuanfu hytaý elektromobilleriniň daşary ýurt bäsdeşlerinden, şol sanda tehnologiýalar boýunça-da 3-5 ýyl öňe gidýändigini aýtdy. Şeýle-de, ol pudakda has açyklyga çagyrdy.


17.06.2026 10:28
1.4k+

Täze Peugeot e-208 GTi hetçbegi 277 at güýjüni berýän elektrik hereketlendirijisini aldy

Peugeot markanyň taryhynda GTi belgisini göterýän ilkinji ýokary öndürijilikli seriýaly elektromobili bolan e-208 GTi modelini hödürledi. Bu barada «Carscoops» portaly habar berýär....

16.06.2026 07:52
4.2k+

BYD ulagyň aşagyndaky haýwanlary kesgitleýän ulgamyň patentini aldy

BYD hytaý kompaniýasy ulagyň aşagyndaky haýwanlary ýüze çykarmaga ukyply ulgamyň patentini aldy. ITHome neşiriniň ýazmagyna görä, bu tehnologiýa hereket başlanmazdan ozal we simsiz zarýad beriş ulgamy ulanylan......

29.05.2026 23:38
3.6k+

Honda 15,7 milliard dollar zyýan çekendigine garamazdan, täze elektrik ulag platformasyny döreder

Honda kompaniýasy geljekki modeller üçin doly elektrik we gibrid awtoulaglaryň öndürilmegine mümkinçilik berjek täze arhitekturany işläp düzýär. Bu karar ABŞ-nyň bazaryndaky elektrik awtoulaglaryny ösdürmek......

28.05.2026 12:32
3.8k+

BMW iki millionynjy elektromobilini çykardy

BMW Group kompaniýasy özüniň iki millionynjy doly elektrikli awtoulagynyň önümçilikden çykandygyny yglan etdi. Eger-de kompaniýa birinji millionyny öndürmek üçin 11 ýyl sarp eden bolsa (2013-nji ýylda çykan......