Kia EV3 elektrokrossoweri Beýik Britaniýada ýylyň awtomobili boldy

  • 10.03.2025 06:52
  • 2.5k+

Ykjam elektrokrossower Kia EV3 “Beýik Britaniýada ýylyň awtomobili – 2025” titulyny aldy. Baýrak ulag, işewürlik we tehnologiýalar pudagynda 31 hünärmenden ybarat garaşsyz eminler tarapyndan gowşuryldy.

Model “Kiçi krossowerler” kategoriýasynda ýeňiş gazanmagynyň netijesinde baş baýraga dalaş edip bildi.
Kia EV3 bir zarýadda 600 km çenli menzili üpjün edýän batareýa bilen enjamlaşdyryldy – bu Kia hatary üçin rekord görkezijidir. Model şeýle tituly 2024-nji ýylda alan has uly EV9-yň üstünligini dowam etdirýär.
Kia UK kompaniýasynyň prezidenti we baş müdiri Pol Filpott bu ýeňşiň önümiň ýokary hilini we britaniýaly alyjylaryň elektromobillere bolan ýokary islegini tassyklaýandygyny belledi. Modele bolan isleg 2024-nji ýylyň ahyrynda Beýik Britaniýanyň bazaryna çykanyndan bäri barha artýar.
Kia EV3 “Ýewropada ýylyň awtomobili” adyna we 2025 World Car Awards baýragyna dalaşgärleriň sanawyna-da girdi.


20.04.2026 17:11
3.9k+

Kia we Genesis ýangyç syzma töwekgelçiligi sebäpli 235 müňden gowrak awtomobilini yzyna çagyrýar

Kia we Genesis kompaniýalary ýangyç ulgamynda ýüze çykan kemçilik sebäpli 235 792 sany awtomobili yzyna çagyrmak barada karara geldiler. Bu kemçilik benziniň syzmagyna we netijede ulagyň ot almagyna sebäp......

19.04.2026 10:32
1.9k+

Rolls-Royce Beýik Britaniýada kiçi ýadro reaktorlaryny gurar

Beýik Britaniýa Rolls-Royce kompaniýasy bilen ilkinji kiçi modully ýadro reaktorlaryny gurmak barada şertnama baglaşdy. Bu taslama arassa energiýany ösdürmek we ýurduň energetika howpsuzlygyny berkitmek......

15.04.2026 10:47
2.6k+

Kia elektromobilleriň rekord satuwyna garamazdan, Sportage bilen Sorento-nyň benzinli görnüşlerini saklap galar

Kia kompaniýasy, heniz isleg barka, meşhur Sportage we Sorento modellerini içinden ýandyrylýan hereketlendirijiler bilen öndürmegini dowam eder....

17.02.2026 12:00
3.1k+

Täzelenen Kia Sportage 2026 5-nji marta satuwa çykýar

Kia kompaniýasy täzelenen Sportage 2026 krossoweriniň Hytaýda 5-nji martda satuwa çykaryljakdygyny habar berdi. Ulagyň köpçülikleýin önümçiligi bolsa eýýäm 7-nji fewralda Ýançendäki zawodda başlandy. Täze model öňki nesillerinden özüniň has häzirki zaman we agras dizaýny bilen tapawutlanýar...