Cherry kompaniýasy DeepSeek emeli aň ulgamy bilen kompýuter syçanjygyny hödürledi

  • 09.03.2025 22:59
  • 2.1k+

Cherry kompaniýasy emeli aň goldawy bilen Cherry AI kompýuter syçanjygyny hödürledi. Syçanjyk sesi tanap, buýrugy ýerine ýetirýär we häzirki wagtda sözleýşi terjime edip bilýär diýip, IT Home habar berýär.

Gurluşyň esasy aýratynlygy DeepSeek neýroulgamy boldy. Ulanyjy kömekçini ses ýa-da düwmäni basmak arkaly işjeňleşdirip bilýär. Mysal üçin, ulanyjy syçanjygy ýüzüne ýakyn tutup, teksti aýdyp ýazdyryp biler, gurluş bolsa buýrugy gaýtadan işlär we ýerine ýetirer.

Cherry AI-iň esasy funksiýalary:

  • ·Teksti ses arkaly girizmek we programmalary dolandyrmak;
  • ·Sözleýşi häzirki wagtda terjime etmek;
  • ·Klawiaturasyz resminamalary döretmek we redaktirlemek;
  • ·Prezentasiýalary dolandyrmak we interfeýs boýunça nawigasiýa.

Mundan başga-da, syçanjyk galmagaly ýatyrýan mikrofon, 500 mA/sag akkumulýator bilen üpjün edildi, 5 DPI derejesini goldaýar we 2.4G, Bluetooth ýa-da Type-C arkaly birikdirilýär.
Gurluşyň ululygy – 122 × 64,6 × 36 mm, agramy – 91 g. Iki reňkde elýeterli.
Cherry AI-iň ilkinji toplumy eýýäm Hytaýda 399 ýuan (takmynan, $55) baha bilen satuwa çykdy. Ýöne üpjünçiligiň giňeldilmegine garaşylýar.


20.02.2026 09:18
4.2k+

TikTok-a eýelik edýän kompaniýa 14 milliard parametrli we rekord tizlikli BitDance surat döredijisini tanyşdyrdy

TikTok sosial ulgamynyň eýesi ByteDance suratlary döretmek üçin niýetlenen täze BitDance modelini hödürledi. 14 milliard parametrli bu model ähli ulanyjylar üçin açyk formatda ýaýradyldy. BitDance öndürijilik we ýokary hilli surat döretmek boýunça birnäçe meşhur bäsdeşlerinden, şol sanda Z-Image-Turbo, Z-Image, Seedream 3...

13.02.2026 15:12
3.1k+

Toyota we Pony.ai Hytaýda bZ4X önümçilik robotaksisini çykarýar

GAC Toyota we Pony.ai kompaniýalary Hytaýda Toyota bZ4X elektrik krossoweriniň esasynda döredilen täze robotaksisini tanyşdyrdy. Bu ulag sürüjini doly çalşyp bilýän ýedinji nesil awtonom dolandyryş ulgamy bilen enjamlaşdyryldy...

17.12.2025 16:30
7.3k+

Hytaýyň polisiýasy ulaglar barada maglumat berýän emeli aňly äýnekleri ulanmaga başlady

Hytaýyň Çanşa şäherindäki ýol polisiýasy ulaglary barlamak işini çaltlaşdyrmak maksady bilen, emeli aň (EA) bilen üpjün edilen akylly äýnekleri ulanmaga başlady. Täze enjamlaryň kömegi bilen ofiserler ulaga diňe bir gezek göz aýlamak arkaly, birnäçe sekuntda ol barada doly maglumat alyp bilýärler...

25.09.2025 19:09
2.4k+

Nissan önümçilik modellerini emeli aňly “awtomatik sürüji” bilen üpjün eder

Nissan 2027-nji ýylda kompaniýanyň önümçilik modellerinde peýda boljak ProPilot sürüjä kömek toplumynyň täze nesliniň işlenip taýýarlanýandygyny habar berdi. Ulgam kämilleşdirilen enjamlara we emeli aň bilen programma üpjünçiligine eýe bolar...