Ozon gatlagyndaky deşik 2035-nji ýyla çenli doly ýapylyp biler

  • 09.03.2025 21:33
  • 9.2k+

Amerikaly alymlar ozon gatlagynyň Antarktidanyň üstündäki böleginiň dikeliş prosesini öwrenmek üçin barlaglary geçirdiler. Olar soňky 15 ýylda emeli hemralar tarapyndan toplanan hakyky maglumatlary öňki çaklamalar bilen deňeşdirdiler. Netijede, alymlar ozon gatlagyndaky deşigiň 95% ähtimallyk bilen gaýtadan dikelip biljekdigini anykladylar. Munuň esasy sebäbi, adamlaryň işjeňliginiň, ýagny ozony dargadýan hlorftoruglerodlaryň (HFU) atmosfera goýberilmeginiň azaldylmagy bolup durýar. Gözlegçileriň pikirine görä, eger bu ýagdaý dowam etse, onda 2035-nji ýyla çenli ozon gatlagyndaky deşik doly ýapylyp biler. Bu barada geçirilen barlaglaryň netijeleri abraýly «Nature» žurnalynda çap edildi.

Ozon gatlagy näme we ol näme üçin möhüm?
Ozon gatlagy – Ýeriň atmosferasynyň ýokarky böleginde, ýagny stratosferada ýerleşýän we Günüň zyýanly ultramelewşe şöhlelerini özüne siňdirýän aýratyn gatlakdyr. Eger-de bu «gorag gatlagyna» zeper ýetse, Günüň şöhleleri gönümel ýer ýüzüne düşer. Bu ýagdaý bolsa deriniň rak keseliniň köpelmegine, görüş bilen bagly kynçylyklaryň we beýleki saglyk meseleleriniň döremegine getirip biler.

1985-nji ýylda alymlar ozon gatlagynyň Antarktidanyň üstündäki böleginde uly deşigiň emele gelendigini anykladylar. Bu deşik esasan sentýabr-dekabr aýlarynyň arasynda peýda bolýar. Alymlaryň geçiren barlaglaryna görä, munuň esasy sebäbi hlorftoruglerodlar (HFU) diýlip atlandyrylýan himiki maddalar bolup durýar. Bu maddalar şol wagtlarda giňden ulanylýardy – esasan hem sowadyjylarda, kondisionerlerde we aerozol gaplarynda.
1987-nji ýylda dünýä döwletleri ozon gatlagyna zyýan ýetirýän HFU maddalaryny tapgyrlaýyn azaldyp, ahyrynda olary ulanmagy düýbünden bes etmek baradaky halkara ylalaşyga gol çekdiler. Bu ylalaşyk «Monreal protokoly» diýlip atlandyryldy. Şol wagtdan bäri, alymlar ozon gatlagynyň gaýtadan dikeliş alamatlaryny synlap gelýärler. Emma olar bu dikeliş prosesiniň näme sebäpli bolup geçýändigini başlangyç döwürde anyk kesgitläp bilmändiler.
Amerikaly alymlar bu soraga anyk jogap tapmak üçin ýörite gözlegleri geçirdiler. Olar ozon gatlagynyň dikelişine täsir edýän sebäpleri anyklamak üçin matematiki model döretdiler. Soňra bolsa olar atmosfera täsir edýän faktorlary göz öňünde tutup, wakalaryň mümkin bolan birnäçe ýaýbaňlanmasyny işläp taýýarladylar:

  • birinji ýagdaýda alymlar howada HFU maddalarynyň we parnik gazlarynyň täsirlerini düýbünden aýyrdylar;
  • ikinjide olar diňe HFU-ny aýryp, parnik gazlarynyň täsirini sakladylar;
  • üçünjide bolsa diňe HFU-laryň täsirleri galdyryldy.

Soňra alymlar bu modellerden alnan netijeleri, Antarktidadaky ozon gatlagynyň soňky 15 ýyldaky hakyky emeli hemra maglumatlary bilen deňeşdirdiler. Netijede, wagt geçdigiçe ozon gatlagynyň dikelişinde adamzadyň gören çäreleriniň uly täsiriniň bolandygy anyklandy. Hususan-da, hlorftoruglerodlary ulanmagy gadagan etmek bu dikeliş prosesine oňyn täsir ýetiripdir. 2018-nji ýylda ozon deşigi öňküsinden has çalt ýapylyp başlapdyr we bu ýagdaý 95% ähtimallyk bilen HFU zyňyndylarynyň azaldylmagy bilen baglanyşykly.
Onda, geljekde nähili bolar? Barlagyň awtorlarynyň pikirine görä, eger adamzat ozon gatlagyny goramak boýunça görýän çärelerini dowam etdirse, 2035-nji ýyla çenli ozon deşigi doly ýapylyp biler. Eger bu amala aşsa, onda bu ýagdaý global ekologiýa meselelerine garşy göreşde adamzadyň üstünlige ýeten seýrek ýagdaýlarynyň biri bolar.


18.02.2026 09:22
3.7k+

2026-njy ýylyň ilkinji Gün tutulmasy boldy. Bu hadysany Ýer ýüzünde bary-ýogy sanlyja adam gördi

17-nji fewralda Antarktidada 2026-njy ýylyň ilkinji Gün tutulma hadysasy hasaba alyndy. Aşgabat wagty bilen sagat 16:44 töweregi Aý Günüň merkezi bölegini doly örtüp, onuň diňe gyralarynyň görünmegini, ýagny "otly halka" täsirini emele getirdi...

16.02.2026 15:06
9.5k+

Italiýada meşhur «Aşyklaryň arkasy» gaýasy ýumruldy

Italiýanyň Apuliýa sebitindäki Adriatika deňziniň kenarynda «Aşyklaryň arkasy» ady bilen tanalýan Sant-Andrea gaýasy ýumruldy. Ýerli häkimiýetleriň maglumatlaryna görä, muňa ygally howa şertleri we deňiz eroziýasy sebäp boldy...

15.02.2026 17:58
5.4k+

Fin aýlagyny soňky on ýylyň dowamynda görülmedik derejede buz örtdi

2026-njy ýylyň fewralynda Fin aýlagyndaky buzuň meýdany soňky on ýyl boýunça iň uly derejesine ýetdi. Bu barada Helsingin Sanomat gazeti habar berdi. Neşiriň maglumatlaryna görä, buzuň galyňlygy häzirki wagtda 10-dan 40 santimetre çenli ýetýär...

05.02.2026 18:47
8.6k+

Marokkoda güýçli ýagyş we derýa joşgunlary sebäpli müňlerçe adam ewakuasiýa edildi

Marokkoda güýçli ýagyşlar we derýa joşgunlary halky howp astynda goýdy.  Häkimiýetler siliň gelmegi ähtimallygy zerarly ýurduň demirgazygyndaky Ksar-el-Kebir şäheriniň ýaşaýjylaryny köpçülikleýin ewakuasiýa edip başladylar...