Napoleonyň Kodeksi Fransiýada 395 müň ýewro satyldy

  • 09.03.2025 15:20
  • 2.9k+

Napoleona degişli Raýat kodeksiniň seýrek duş gelýän neşiri Fransiýada geçirilen auksionda satyldy. Bu barada Parižiň Tajan auksion öýi habar berdi.

Ilkibaşda lot 100-200 müň ýewro bolar diýlip çaklanyldy, ýöne soňky bahasy 395 müň ýewro (takmynan, 429,4 müň dollar) boldy.

“Birinji konsulyň belgisi bilen uly pergament kagyzynda çap edilen bu nusga hususy eýeçilikdäki ýeke-täk zatdyr. Ol fransuz imperiýasy ýykylansoň, bir maşgalada saklanyp galypdyr" – diýip, Tajanyň metbugat beýanatynda aýdylýar.

Kitap Parižiň etegindäki Sen-Klu galasynyň gözegçisi bolan Etýen Şarweniň maşgalasyna degişlidir. Napoleon ony 1814-nji ýylda Elba adasyna sürgün edilmezden ozal şol ýerde galdyrypdyr. Satylan nusga Napoleonyň Kodeksi ady bilen bellidir.
Bitewi raýat kodeksini işläp taýýarlamak işi Napoleonyň 1799-njy ýylda häkimiýet başyna gelenden soň esasy wezipeleriniň birine öwrüldi. Bu kanun 1804-nji ýylyň mart aýynda güýje girdi hem-de birnäçe üýtgetmeler we goşmaçalar bilen şu günki güne çenli Fransiýada hereket edýär.


düýn 14:28
1.1k+

Fransiýada Mosartyň kompozisiýalarynyň garalamasy bolan depderi tapyldy

Awstriýaly kompozitor Wolfgang Amadeý Mosartyň arfa we fleýta üçin ýazylan ýedi sany pýesasy bolan depderi Fransiýanyň Milli kitaphanasynyň (BnF) Pariždäki gözegçisi tarapyndan tapyldy. Bu barada Agence......

19.06.2026 20:02
1.5k+

Kitaplar, Sena derýasy we dijeýleriň çykyşy: Notr-Dam ybadathanasynyň ýanynda suwüsti kitap dükany açyldy

Pariždäki Notr-Dam ybadathanasynyň eteginde, Monbello kenarýakasynda «Nanna» atly ýük gämisi duralga aldy. Suw üstündäki bu täsin kitaphanada 5 000-den gowrak kitap bar. Euronews-iň habar bermegine görä,......

18.06.2026 22:30
4k+

Luwr talaňçylykdan soň çökgünligi başdan geçirýär: ýüzlerçe million ýewro gerek

Parižiň Luwr muzeýi geçen güýzde bolup geçen uly seslenme döreden talaňçylykdan soň çuňňur çökgünlik ýagdaýyny başdan geçirýär. Edaranyň ýolbaşçysy Kristof Leribo «Le Monde» neşirine beren interwýusynda......

17.06.2026 17:35
3.9k+

Mariýa-Antuanettä henizem hat ýazýarlar: Fontenblo köşgüne 4 müň hat geldi

Fransiýadaky Fontenblo köşgi «Galamyňyzy alyň-da, Mariýa-Antuanettä hat ýazyň!» diýen uly göwrümli çäräniň çäginde takmynan 4 müň hat aldy. Bu başlangyç Lýudowik XVI we Fransiýanyň soňky höküm süren şazenany......