Pariž demirýol menzilinde Ikinji jahan urşunda göçmän galan snarýad tapyldy

  • 09.03.2025 07:14
  • 4.7k+

Parižiň merkeziniň demirgazygynda ýerleşýän Sen-Deni kommunasyndaky demir ýollaryň üstünden Ikinji jahan urşunda göçmän galan snarýad tapyldy. Ony demirýol işçileri anna güni ir bilen sagat dört töweregi tapdylar. Snarýad göçmän galypdyr diýip, SNCF demirýol operatoryna salgylanyp, «RFI» habar berýär.

Snarýad Demirgazyk menzilinden 2,5 km uzaklykda tapyldy. Çeşmäniň bellemegine görä, bu sebitde Ikinji jahan urşundan galan ok-däriler ýygy-ýygydan tapylýar. Emma şeýle wakalar, adatça, ilatly nokatlarda seýrek bolýar.
BFM TV-niň habaryna görä, bu tapyndy demir ýol gatnawynda uly bökdençlik döretdi. Polisiýa wagtlaýynça Demirgazyk menziliniň işini togtatdy. Bu bolsa şäherýaka hem-de Fransiýany Angliýa, Belgiýa we Niderlandlar Patyşalygy (Gollandiýa) bilen baglanyşdyrýan halkara ýokary tizlikli otly gatnawlarynyň ýatyrylmagyna getirdi.


30.03.2026 10:47
10k+

Fransiýa güýçli ýel-ýagyn zerarly 5,2 milliard ýewrolyk zyýan çekdi

2025-nji ýylda Fransiýada bolup geçen tebigy harasatlar we betbagtçylyklar jemi 5,2 milliard ýewro möçberinde maddy zyýan ýetirdi. Bu barada France Assureurs ätiýaçlandyryş agentligi habar berýär....

19.02.2026 10:39
9.9k+

Fransiýada 36 gün bäri dynman ýagan ýagyş taryhy rekordy täzeledi

Fransiýada ýagynly günleriň dowamlylygy boýunça taryhy rekord hasaba alyndy. BFMTV teleýaýlymynyň habar bermegine görä, ýurtda 15-nji ýanwardan bäri, ýagny 36 günläp yzyny üzmän ýagyş ýagýar. Howanyň ýaramazlaşmagy bilen 17-nji fewralda dört sany departamentde sil gelme ähtimallygy zerarly iň ýokary — "gyzyl" derejeli howp yglan edildi...

13.02.2026 19:14
6.6k+

BFMTV: Luwry suw basyp, eksponatlaryň birnäçesine zeper ýetdi

13-nji fewral gijesi Luwry suw basdy. Pariž muzeýiniň tehniki gulluklary «adatdan daşary ýagdaý» yglan etdiler diýip, BFMTV habar berýär. Waka muzeýiň XV–XVI asyrlaryň sungat eserleri saklanýan «Dýuşatel» atly 707-nji zalynda boldy...

12.02.2026 21:08
7k+

Fransiýanyň günbatar bölegi «Nils» harasatyna sezewar boldy

Fransiýanyň Atlantik ummanynyň kenarýakasyna we ýurduň günorta-günbatar bölegine «Nils» harasaty uly zarba urdy. Euronews neşiriniň habar bermegine görä, bu tebigy hadysa elektrik energiýasynyň köpçülikleýin kesilmegine we ulag ulgamynyň işiniň bozulmagyna sebäp boldy...