TmCars batyrgaý zenanlar barada iň gowy 10 filmiň sanawyny hödürledi

  • 08.03.2025 09:06
  • 8.1k+

Zenanlar, köplenç, naçar maşgala hasaplanýar, ýöne ýeri gelende olar diňe bir güýçli däl, eýsem adamlaryň we hatda ýurduň ykbalyny üýtgetmäge ukyplydyr. Tebigatyň ajaýyp ýaradany bolan zenanlaryň şeýle başarnyklaryny TmCars kinematografyň üsti bilen görmegi teklip edýär.
Halkara Zenanlar güni mynasybetli TmCars-yň döredijilik topary ruhy güýji, maksada okgunlylygy we batyrgaýlygy bilen millionlarça adamy ruhlandyrýan zenanlar barada iň gowy 10 filmi saýlady:


“Kiçijik hanymlar” (Маленькие женщины, 
2019) – Luiza Meý Olkottyň ABŞ-daky Raýatlyk urşy döwründe ulalan dört uýa baradaky nusgawy romanynyň ekranlaşdyrylmasy. Olar garyplyk, jemgyýetçilik talaplary we şahsy betbagtçylyklar bilen ýüzbe-ýüz bolsa-da, maşgalada we arzuwlara ýetmekde güýç tapmagy başarýar.


“Million dollarlyk gyzjagaz” (Малышка на миллион, 2004) – Klint Istwudyň Oskar baýragyny alan dramasy. Waka boksçy bolmagy arzuw edýän ofisiant gyz Meggi barada gürrüň berýär. Ol özüniň erk-islegi we tutanýerliligi bilen garry tälimçi Frenki özüni türgenleşdirmäge iterýär. Olar bilelikde sportuň depesine çykýar, ýöne birden beýiklige galanyňdan soň, pajygaly yza gaýdyş başlaýar.


“Çalyşma” (Подмена, 2008) – Klint Istwuddan ýene bir täsirli film. Kristin Kollinziň, 1928-nji ýylda dokuz ýaşly oguljygy ogurlanan enäniň hakyky wakasyna esaslanýan triller. Ol polisiýa tarapyndan tapylan oglanjygyň öz ogly däldigini subut etmeli bolýar.


“Çöl güli” (Цветок пустыни, 
2009) – somalili model Waris Diriýeniň hakyky wakasy bolup, onuň agyr geçmişine garamazdan, üstünlige ýetmegi başarandygy we özi ýaly päsgelçilikler bilen ýüzbe-ýüz bolan adamlara kömek edişi barada gürrüň berýär.


“Ene” (Мать, 
2009) – Günorta Koreýanyň ölümde aýyplanýan oglunyň günäsizligini subut etmäge synanyşýan aýal barada drama trilleri. Film “Mugthorlar” üçin “Oskar” baýragyny alan režissýor Pon Jun Ho tarapyndan düşürildi.


“Erin Brokowiç” (Эрин Брокович, 
2000) – hakyky wakalara esaslanýan ýene bir film. Ýalňyz ene ýerli suwlary hapalaýan uly korporasiýa bilen göreş alyp barýar.


“Demir hanym” (Железная леди, 
2011) – Beýik Britaniýanyň ilkinji zenan premýer-ministri Margaret Tetçer barada terjimehal filmi. Ol düýpli syýasy we şahsy kynçylyklary başdan geçirýär.


“Missuriniň Ebbing şäheriniň serhedindäki üç bilbord” (Три билборда на границе Эббинга, Миссури, 2017) – gyzynyň ölüminden soň, polisiýa gullugyndan goldaw tapman, özbaşdak adalat gözleýän ene barada jenaýat dramasy.


“Uly kiçijik ýalan” (Большая маленькая ложь, 
2017-2019) – Kaliforniýanyň baý şäherçesindäki bäş zenanyň durmuşy barada mini-serial bolup, bolelinligiň aňyrsynda elhenç syrlaryň gizlenýändigini görkezýär.


“Gelin” (1971) 
– 1971-nji ýylyň adamsy fronta gidip, gaýdyp gelmedik zenan barada nusgawy türkmen filmi. Beýik Watançylyk urşunyň gahryman esgerleriniň aýallarynyň, eneleriniň we uýalarynyň wepalylygy, pidakärligi we umytlary barada ýuwaş kyssa. Film, aýratynam, Maýa Aýmedowanyň çykyşy üçin köp sanly uly kinofestiwallarda, şol sanda Sorrentoda (Italiýa) we Lokarnoda (Şweýsariýa) ykrar edildi we baýraklara mynasyp boldy.


şu gün 14:57
658

Google kino älemine ilkinji gezek maýa goýup, «A24» studiýasynyň paýyny satyn alýar

Google tehnologiýa ägirdi we "A24" meşhur garaşsyz kino studiýasy strategik hyzmatdaşlyk barada ylalaşyk baglaşandyklaryny resmi taýdan yglan etdiler....

şu gün 08:26
4.2k+

Futboldan aktýorlyga: Dewid Bekhemiň ogly ilkinji gezek kinoda oýnar

Dewid bilen Wiktoriýa Bekhemiň ogly Romeo Bekhem «Hasap 40:0» (asyl ady — Forty Love) atly romantik filmde rol aldy diýip, «Variety» neşiri habar berýär. Bu onuň kinoda ilkinji gezek çykyş etmegi bolar....

23.06.2026 22:06
979

83-nji Wenesiýa kinofestiwalynyň eminler düzümi yglan edildi

83-nji Wenesiýa halkara kinofestiwalynyň guramaçylary esasy bäsleşigiň eminler düzümini yglan etdi....

21.06.2026 10:41
1.9k+

«Oýnawaçlaryň hekaýaty-5» premýeradan öňki kassa ýygymlary boýunça ýylyň rekordyny goýdy

«Oýnawaçlaryň hekaýaty-5» animasiýa filmi premýeradan öňki görkezilişlerde kassa ýygymlary boýunça 2026-njy ýylyň iň gowy netijesini görkezdi. Bu animasion taslama 17,5 million dollar gazandy diýip, «Variety»......