108 ýaşly ýaponiýaly zenan dünýäniň iň garry dellekçisi hökmünde rekorda girdi

  • 08.03.2025 06:59
  • 4.3k+

Ýaponiýaly 108 ýaşly Sisui Hakoisi Ginnesiň rekordlar kitaby tarapyndan dünýäniň iň garry dellekçisi diýip ykrar edildi. Ol 90 ýyl bäri saç bejerýär we bu kärini entek-entekler goýmak islemeýär diýip, The Guardian gazeti ýazýar.

Hakoisi Totigi prefekturasynyň Nakagawa şäherindäki salonynda işleýär.
Ol 1916-njy ýylyň 10-njy noýabrynda ýerli daýhan maşgalasynda dünýä indi. Sisui 14 ýaşynda Tokio gitdi we şol ýerde dellekçiniň şägirdi bolup işe ýerleşdi.

Ol Asahi Shimbun neşirine: "Mümkin boldugyça, uly şägirtleriň yzyndan çalt ýetmek we olardan ozmak isleýärdim, şonuň üçin güýjümde baryny edip, gaty köp işleýärdim " - diýip gürrüň berdi.

1936-njy ýylda ol dellekçiniň ygtyýarnamasyny aldy we eýýäm üç ýyldan soň adamsy Dziro bilen öz salonyny açdy.
Sisui Hakoisi uzak ýyllyk karýerasynyň Ginnesiň rekordlar kitabynyň hünärmenleri tarapyndan resmi taýdan ykrar edilendigine gaty begendi.

 Ol: “Men hakykatdanam bagtly. Bileleşigiň ähli agzalaryna minnetdar. "Men muny hiç haçan ýatdan çykarmaryn" – diýip minnetdar boldy.


düýn 22:32
2.5k+

194 ýaşly pyşbaga Jonatan resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabynyň ikonasy boldy

Ýerde ýaşaýan janly-jandarlaryň iň garrysy hasaplanýan Jonatan atly aldabra pyşbagasy resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabynyň abraýly «ikona» statusyna eýe boldy....

düýn 22:13
3.2k+

Ýaponiýada doňdurma öndürijileriniň özara dildüwşügi derňelýär

Ýaponiýanyň Adalatly we dogruçyl söwda boýunça komissiýasy alty sany uly doňdurma öndürijisiniň bahalary emeli ýollar bilen düzgünleşdirmeginde şübhelenip, derňew işlerine başlady....

15.06.2026 10:46
3.2k+

Gazagystanly aýdymçy 5 sagatda yzyny üzmän 102 aýdym aýdyp rekord goýdy

Shakarim University ýokary okuw mekdebiniň mugallymy Kaýrat Kabyşew 5 sagat 29 minudyň dowamynda gazaklaryň 102 sany halk aýdymyny ýerine ýetirip, dünýä rekordyny goýdy. Bu üstünlik Aziýanyň we Afrikanyň......

11.06.2026 10:59
7.9k+

Çarli Çapline meňzeşleriň 400-den gowragy rekord goýmak üçin Şweýsariýa ýygnandy

Beýik aktýora iň köp meňzeşleriň ýygnanyşygy boýunça dünýä rekordyny täzelemek üçin 400-den gowrak kişi Çarli Çapliniň meşhur sergezdan keşbine girip, Şweýsariýada jemlendi....