YouTube iki esse arzan Premium abunalygy hödürledi

  • 08.03.2025 07:11
  • 1.5k+

YouTube tölegi aýda 8 dollar bolan, Premium Lite atly täze abunalyk hyzmatyny ABŞ-da işe girizdi. Bu hyzmat aýdym-saz wideolaryndan galan ähli wideolarda mahabatlary aýyrýar diýip, «Reuters» habar berýär.

Premium Lite hyzmaty aýdym-saz wideolaryny köp görmeýän ýa-da diňlemeýän müşderiler üçin niýetlenendir. Şeýle-de ähli wideolardan mahabatlary aýyrýan 14 dollarlyk YouTube Premium abunalygy we diňe aýdym-saz wideolaryny mahabatsyz görmek isleýänler üçin bolsa aýratyn 11 dollarlyk abunalyk hyzmaty dowam edýär.
YouTube-yň inženerçilik boýunça wise-prezidenti Jon Harding täze meýilnamanyň esasy maksadynyň «has giň ulanyjylar toparyny» öz içine almakdygyny aýtdy. Olaryň köpüsi adaty ýagdaýda YouTube üçin töleg tölemäge isleg bildirmeýänlerden ybaratdyr.

«[YouTube-yň] aýdym-saz mazmunyna zerurlyk duýmaýan ulanyjylara laýyk gelýän hyzmaty döretmändik, şonuň üçin bu üýtgeşmeleri girizdik» — diýip, YouTube Premium-yň önüm boýunça müdiri Jek Grinberg belläp geçdi.

Çarşenbe güni YouTube, 2024-nji ýylyň ýanwar aýynda 100 million bolan tölegli abunalarynyň sanynyň 125 milliondan geçendigini habar berdi.
YouTube girdejisiniň esasy bölegini mahabatlardan gazanýar – geçen ýyl bu görkezijiniň 36 milliard dollar bolandygy mälim edildi.


20.05.2026 10:19
1.5k+

YouTube we Snap sosial ulgamlaryň okuwçylara täsiri baradaky kazyýet işini kadalaşdyrdylar

YouTube wideohostingi we Snap kompaniýasy Kentukki ştatynyň Breýsitt mekdep okrugynyň platformalary kämillik ýaşyna ýetmedikleriň ruhy saglygyna sosial ulgamlaryň ýaramaz täsirinde aýyplan kazyýet işi boýunça......

19.05.2026 21:42
5k+

Ronaldu DÇ-2026-yny YouTube-da mugt görkezjek strimingde paý satyn aldy

Saud Arabystanynyň «Al-Nasr» klubunyň hüjümçisi Kriştianu Ronaldu Braziliýanyň CazeTV platformasy bilen baglanyşykly bolan LiveModeTV halkara media taslamasynda paý satyn aldy. Bu şertnama futbolçynyň 2026-njy......

18.05.2026 09:36
1.4k+

YouTube Shorts wideolaryna smart-telewizorlarda 2 mlrd sagat tomaşa edildi

YouTube ulanyjylary her aýda telewizorlarda dikligine düşürilen gysga Shorts wideolaryna 2 milliard sagatdan gowrak wagt tomaşa edýär. Aslynda, şeýle format ilkibaşda smartfonlar üçin döredilipdi....

01.05.2026 07:25
1.1k+

YouTube-daky "surat içinde surat" režimi ähli ulanyjylar üçin mugt bolar

YouTube wideoplatformasy resmi taýdan "surat içinde surat" görmek režimini ähli ulanyjylar üçin abuna ýazylmazdan elýeterli eder. Degişli maglumat Google-yň websaýtynda çap edildi, onda bu täzelenmäniň......