Apple M4 Max we M3 Ultra çipleri oturdylan täze Mac Studio-syny hödürledi

  • 08.03.2025 06:43
  • 1k+

Apple kompaniýasy M4 Max we M3 Ultra çipleri bilen enjamlaşdyrylan täzelenen Mac Studio-ny hödürledi.

M3 Ultra çibi bir korpusda iki kremniýni birleşdirýär, şol sebäpden M4 Max bilen deňeşdirilende ep-esli güýçli. Şol bir wagtda onuň merkezi we grafiki prosessor arhitekturasy iň täzesi däldir.
Aslynda M3 Ultra – iki sany M3 Max çibiniň kremniý interpozýor arkaly birleşdirilen görnüşidir. Apple öň M1 Ultra we M2 Ultra-da hem şuňa meňzeş usuly ulanypdy. M3 Ultra-da ähli zat iki esse köpeldildi: 16 ýadro ýerine 32 hasaplaýyş ýadrosy, 40 ýadro ýerine 80 grafiki ýadro, 16 ýadro ýerine 32 Neural Engine (emeli aň prosessory) we ProRes wideo kodlamak üçin iki hereketlendiriji (öňki biriniň deregine).
Apple şeýle hem M3 Ultra üçin goşmaça mümkinçilikler girizdi. Ol indi Thunderbolt 5 interfeýsini (120 Gbit/sek) goldaýar, M3 Max bolsa diňe Thunderbolt 4 bilen çäklenýär. Mundan başga-da onuň iň ýokary goldaýan RAM-y (operatiw ýady) 128 GB-dan 512 GB-a çenli ýokarlandyryldy.

1 TB SSD ýatly enjamyň konfigurasiýasyny 2 TB, 4 TB, 8 TB ýa-da 16 TB çenli giňeltmek mümkin.
Täze Mac Studio üçin M4 Max çibi hem hödürlenildi. Ol 16-a çenli prosessor ýadrosyny, 40-a çenli grafiki ýadrony we 16 Neural Engine ýadrosyny hödürleýär. Apple-yň aýtmagyna görä, bu wersiýa M1 Max çibi bolan Mac Studio modelinden 3,5 esse çalt we Intel prosessorly iň güýçli 27 dýuýmly iMac-den 6,1 esse çalt işleýär.
M4 Max çibi bolan Mac Studio modeli 36 GB birleşdirilen ýat bilen gelýär, ýokary derejeli wersiýalary bolsa 128 GB RAM bilen üpjün edilip bilner. Onuň geçirijilik kuwwaty 410 GB/sek ýetýär. Içerki ýady bolsa 512 GB, 1 TB, 2 TB, 4 TB ýa-da 8 TB bolup biler. Enjam sekiz sany Pro Display XDR monitoryna doly 6K çözgütde şekil çykaryp bilýär.
Daşarky enjamlar bilen birikmek üçin: 10-gigabit Ethernet, HDMI 2.1, SDXC kart sloty, iki sany USB-A 3 (5 Gbit/sek çenli) porty, nauşnik girişi bar. Wi-Fi 6E-ni we Bluetooth 5.3-I goldaýar. Kiçi wersiýa iki sany USB-C (10 Gbit/sek çenli) port bilen gelýär, ýokary wersiýa bolsa dört sany Thunderbolt 5 (120 Gbit/sek çenli) port bilen enjamlaşdyrylan.
Bahalary:

  • Mac Studio (M4 Max) – 1999 dollardan başlaýar;
  • Mac Studio (M3 Ultra) – 3999 dollardan başlaýar.

Deslapky sargytlar eýýämden açyk. Satuwa 12-nji martda başlanar.


16.05.2026 11:20
3.5k+

Stiw Jobs hümmeti 1 dollar bolan täze teňňäniň ýüzi boldy

ABŞ-nyň Zikgehanasy Apple kompaniýasynyň esaslandyryjylarynyň biri Stiw Jobsa bagyşlanan, hümmeti 1 dollar bolan ýadygärlik teňňesini resmi taýdan satuwa çykardy. Bu teňňe barada geçen ýyl yglan edilipdi....

07.05.2026 21:13
2.9k+

Apple “akylly” Siri-ni gijikdirendigi üçin iPhone 16 we iPhone 15 Pro-nyň eýelerine 250 million dollar tölär

Apple kompaniýasy Siri ses kömekçisiniň emeli aň (AI) funksiýalary bilen enjamlaşdyrylan täze görnüşiniň gijikdirilmegi zerarly ABŞ-da gozgalan köpçülikleýin kazyýet işini ýatyrmak üçin 250 million dollar......

11.04.2026 14:59
8k+

Dünýäde iň geçginli smartfonlaryň 10-lugyna birbada 5 sany iPhone girdi

2025-nji ýylyň dördünji çärýeginde dünýäde iň köp satylan 10 modeliň arasynda iPhone smartfonlary bäş orny eýeledi. Muňa Counterpoint Research kompaniýasynyň maglumatlary şaýatlyk edýär....

13.03.2026 16:33
3.2k+

Tim Kuk Apple ulanyjylaryna ýüzlendi: «Elli ýyl ozal kiçijik bir garažda uly pikir dünýä indi…»

2026-njy ýylyň 1-nji aprelinde Apple kompaniýasynyň döredilenine 50 ýyl dolýar we kompaniýa bu sene mynasybetli birnäçe çäreleri hem-de uly tanyşdyryşlary taýýarlaýar. Apple-iň baş direktory Tim Kuk bu möhüm senäniň gelerine garaşyp durman, kompaniýanyň saýtynda Apple-iň enjamlaryndan we hyzmatlaryndan peýdalanýanlaryň ählisine gönükdirilen açyk haty çap etdi...