Netflix “Bagtly Gilmor” sikweliniň ilkinji görkeziljek senesini yglan etdi

  • 07.03.2025 15:39
  • 1.6k+

“Bagtly Gilmor” komediýasynyň dowamy Netflix-de 2025-nji ýylyň 25-nji iýulynda çykar. Bu barada akym hyzmatynyň täze hasabatynda habar berildi.

Filmiň asyl nusgasy, mundan otuz ýyl töweregi ozal, 1996-njy ýylda çykypdy. Sikweldäki wakalar hem birinji bölümdäki wakalardan köp ýyl geçensoň ýaýbaňlanýar. Adam Sendler bilen bilelikde Ben Stiller, Kristofer MakDonalds we Juli Bouen dagy hem keşplerine gaýdyp geldi. Olara repçiler Eminem we Kid Kadi, aktrisa Margaret Kuolli, wäşi Nik Swordson, Bad Bunny-niň sazandasy, NFL-iň ýyldyzy Trewis Kelsi we režissýor Benni Safdi dagy hem goşuldy.
Öz wagtynda bu film Sendlere öz döwrüniň iň uly komediýa ýyldyzlarynyň birine öwrülmegine kömek edip, 12 million dollar býujet bilen kassa ýygymynda 40 million dollar gazanypdy.
Aktýor golfa zehininiň bardygyny bilen, gahar-gazabyna bäs gelmekde kynçylyk çekýän hokkeýçi Bagtly Gilmoryň baş keşbini ýerine ýetirdi. Ol garry enesiniň öýüniň elinden alynmazlygy üçin ýeterlik pul gazanmak maksady bilen tölegli ýaryşa gatnaşýar. Ýüzugra ol adaty bolmadyk hokgalary bilen meşhurlyk gazanmagy başarýar.
“Bagtly Gilmoryň” asyl nusgasy režissýor Dennis Dugan tarapyndan surata düşürildi.


düýn 22:06
521

83-nji Wenesiýa kinofestiwalynyň eminler düzümi yglan edildi

83-nji Wenesiýa halkara kinofestiwalynyň guramaçylary esasy bäsleşigiň eminler düzümini yglan etdi....

21.06.2026 10:41
1.8k+

«Oýnawaçlaryň hekaýaty-5» premýeradan öňki kassa ýygymlary boýunça ýylyň rekordyny goýdy

«Oýnawaçlaryň hekaýaty-5» animasiýa filmi premýeradan öňki görkezilişlerde kassa ýygymlary boýunça 2026-njy ýylyň iň gowy netijesini görkezdi. Bu animasion taslama 17,5 million dollar gazandy diýip, «Variety»......

19.06.2026 20:14
4.6k+

Baş keşpde Hýu Jekman bilen «Robin Guduň ölümi» filminiň dünýä premýerasy boldy

Şu gün bütin dünýäde Hýu Jekmanyň baş keşbi ýerine ýetirmeginde «Robin Guduň ölümi» (The Death of Robin Hood) filminiň prokaty başlandy....

19.06.2026 11:08
3k+

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» taryhda iň çykdajyly film diýlip ykrar edildi

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» (Мир Юрского периода: Господство) filmi taryhda iň gymmat düşen kino taslamasy diýlip yglan edildi. «Fortune» neşiriniň maglumatlaryna görä, Universal Pictures......