Tramp kriptowalýutalaryň strategiki ätiýaçlyklaryny döretdi: şondan soň olar bahasy aşaklap başlady

  • 07.03.2025 15:30
  • 6.1k+

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp bitkoinleriň strategiki ätiýaçlygyny we beýleki kriptowalýutalary öz içine aljak sanly aktiwleriň ätiýaçlygyny döretmek barada permana gol çekdi. Olaryň ikisinde-de jenaýat we raýat işleriniň çäklerinde federal hökümet tarapyndan ele salnan kriptowalýutalar saklanar diýlip, Ak tamyň habarynda aýdylýar.

Tramp tarapyndan “Ak tamyň kripto şasy” wezipesine hödürlenen PayPal-yň öňki operasion müdiri Dewid Saks ätiýaçlyklaryň döredilmeginiň “salgyt töleýjilerden bir sent hem talap etmejekdigini”, sebäbi hökümetiň kriptowalýutany satyn almagy meýilleşdirmeýändigini aýtdy. Onuň hasabyna görä, ABŞ-nyň häkimiýetlerinde eýýäm 200 müň töweregi bitkoin bar, bu bolsa häzirki hümmet boýunça 17,6 mlrd dollara deňdir.
Ätiýaçlyklaryň döredilendigi baradaky habardan soň kriptowalýuta bazary pese gaçyş bilen ýüzbe-ýüz boldy. CNBC-niň maglumatlaryna görä, bitkoin 3%, 87,6 müň dollardan 84,7 müň dollara çenli peseldi. Ethereum 2%, Ripple (XRP) we Solana (SOL) bolsa, degişlilikde, 1% we 3% pese düşdi, Cardano bahasyndan (ADA) 13% ýitirdi. 2-nji martda Tramp ätiýaçlygyň hut şu tokenleri öz içine aljakdygyny habar beripdi.
Şu gün Ak tamda taryhda ilkinji kriptowalýuta sammitini geçirmek meýilleşdirilýär we onda Trampyň sanly aktiwler boýunça täze syýasat barada giňişleýin maglumat bermegine garaşylýar.
Ýatlap geçsek, saýlawdan öňki kampaniýanyň dowamynda Tramp kriptopudagy ençeme gezek goldap, diňe bir ätiýaçlyk gorlaryny döretmegi däl, eýsem ABŞ-ny “dünýäniň kriptowalýuta paýtagtyna” öwürmegi wada beripdi.


19.06.2026 19:47
1.2k+

Ak tam we Anthropic emeli aňyň howpuny kesgitlemegiň guralynyň üstünde işleýär

Ak tam we Anthropic kompaniýasy emeli aňyň täze modellerindäki gowşaklyklary bahalandyrýan ulgamy döretmegiň üstünde işleýär. Bu ulgam töwekgelçilikleriň derejesini kesgitlemäge we zerur bolan ýagdaýynda......

14.06.2026 15:10
1.4k+

Google kompaniýasy ABŞ-nyň federal kwant maksatnamasyna gatnaşmakdan ýüz öwürdi

Google kompaniýasy ABŞ-nyň kwant tehnologiýalaryny goldamak boýunça federal maksatnamasyna gatnaşmazlyk kararyna geldi. Kompaniýa maliýeleşdiriş şertleriniň iş ýüzünde peýdaly boljak kwant kompýuteriniň......

09.06.2026 15:08
2.4k+

Ýaponiýada bitkoin-ETF-leriň işe girizilmegi 19,3 milliard dollara çenli maýany çekip biler

Seljerijiler Ýaponiýany spot görnüşli bitkoin-ETF-leri işe girizmek ähtimallygy iň ýokary bolan ýurtlaryň biri hasaplaýarlar. XWIN Japan kompaniýasynyň çaklamalaryna görä, şeýle gaznalar öz işiniň ilkinji......

08.06.2026 18:54
4.5k+

Türkmenistanyň DIM-iniň ýolbaşçysy ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň orunbasary bilen duşuşdy

8-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow iş sapary bilen Aşgabada gelen ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň jemgyýetçilik diplomatiýasy boýunça orunbasary Sara Rojers bilen duşuşdy. Bu barada......