“Talyp gözeli – 2025” gözellik bäsleşiginiň ýeňijisi belli boldy

  • 07.03.2025 11:40
  • 19k+

Halkara zenanlar güni mynasybetli Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň talyp gyzlarynyň arasynda yglan edilen “Talyp gözeli – 2025”  atly gözellik bäsleşiginiň ýeňijisi yglan edildi. 5-nji martda Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda bäsleşigiň jemleýji tapgyry geçirildi.

Emin agzalarynyň gelen netijesine laýyklykda, Baş baýraga Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň türkmen dili we edebiýaty fakultetiniň 1-nji ýyl talyby Aýlar Çaryýewa mynasyp boldy.
Bäsleşigiň dowamynda çykyş edýän talyp gyzlar ýörite meýilnama boýunça dürli tapgyrlarda bäsleşip, iş başarjaňlygyny, ugurtapyjylygyny, keşp hem-de edep gözelligini, halkymyzyň milli däp-dessurlaryny bilşini görkezdiler.
Bäsleşigiň ahyrynda baýrakly orunlara eýe bolan hem-de bäsleşige işjeň gatnaşan talyp gyzlara Hormat hatlary we gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.


19.06.2026 10:10
3.3k+

Zergär Göwher Nuryýewa Buharada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Türkmen zergäri, Suratkeşler birleşiginiň agzasy Göwher Nuryýewa Altyn sapak we zergärçilik hünäri III halkara festiwalynda üçünji orny eýeledi. Bu çäre 15—17-nji maý aralygynda Buhara (Özbegistan) şäherinde......

18.06.2026 22:11
2.3k+

Tähranda Magtymguly Pyragynyň mirasyna bagyşlanan maslahat geçirildi

16—17-nji iýun aralygynda Tähran şäherinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ömrüne hem-de döredijiligine bagyşlanan birnäçe çäreler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler......

17.06.2026 11:24
7k+

Türkmenistanda diňe ene süýdi bilen iýmitlendirmegi goldamak boýunça kampaniýa başlandy

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy hem-de ÝUNISEF çagalary ömrüniň......

15.06.2026 22:10
3.9k+

Türkmenistanly küştçi gyz Aktobedäki ýaryşda zenanlaryň arasynda iň ökdesi boldy

Türkmenistanly küştçi Mähri Agamyradowa Gazagystanyň Aktobe şäherinde 3—11-nji iýun aralygynda geçirilen «Wladimir Dworkowiçiň memorialy — Aktobe Open 2026» halkara ýaryşynda zenanlaryň arasynda iň gowusy......