SpaceX bir günüň dowamynda 15 müň Starlink terminalyny öndürip başlady

  • 06.03.2025 23:55
  • 2.5k+

SpaceX kompaniýasy Tehasyň Bastrop şäherindäki (ABŞ) Starlink antennalaryny öndürýän zawodynyň işini görkezýän wideony çap etdi. Zawod her gün 15 müň antennany öndürýär, bu bolsa ýylda takmynan 5,5 million birlige deňdir.

Şu ýyl kompaniýa zawodynyň meýdanyny 93 müň inedördül metr artdyryp, umumy meýdanyny 175 müň inedördül metder ýetirmegi meýilleşdirýär. Bu bolsa önümçiligiň möçberini has-da artdyrmaga mümkinçilik berer. Öň berlen habarlara görä, zawod ýylda 4,6 million antenna öndürmäge ukyply.
Wideoda önümçilik prosesi görkezilýär. Hususan-da fazaly antennalaryň we çap edilen plata kartalarynyň robot ulgamlarynyň kömegi bilen öndürilişi görkezilýär. Mundan başga-da önümçilik çykdajylarynyň peseldilişi hakynda gürrüň berilýär. Öň Starlink antennalarynyň öndürilişi kompaniýa üçin, takmynan, 3000 dollara düşýärdi, 2023-nji ýyla çenli bolsa SpaceX olary özüne zyýan bilen satýardy. Starlink önümçilik bölüminiň uly müdiri Aleksandra Noe önümçiligi optimizirlemek üçin, kompaniýanyň täzelikleri girizmäge mejbur bolandygyny belledi.
Zawod häzir 5 million müşderiden ybarat bolan Starlink abonentleriniň sanynyň köpelmegi bilen hyzmat edýär. SpaceX-iň prezidenti Gwinn Şotwell bu zawodyň gysga wagtyň dowamynda ABŞ-da çap edilen plata kartalarynyň iň uly önümçilik merkezine öwrüljekdigini aýtdy. Bu ýerde, takmynan, 1000 adam işleýär.


şu gün 10:53
487

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

düýn 15:40
1.8k+

Jeýms Webb «GJ504b» ekzoplanetasynyň üýtgeşik gülgüne reňkiniň sebäbini düşündirdi

«Jeýms Webb» kosmos teleskopy Ýerden, takmynan, 57 ýagtylyk ýyly uzaklygynda ýerleşýän «GJ504b» ekzoplanetasynyň geň galdyryjy gülgüne reňke eýe bolmagynyň sebäbini anyklamaga kömek etdi....

24.06.2026 08:02
2.3k+

Litiý-keramiki batareýalaryň täze nesli 1000 km uçuşlary amala aşyrmaga mümkinçilik berer

Taýwanyň batareýa öndüriji ProLogium kompaniýasy we Niderlandlaryň Elysian Aircraft aerokosmos kompaniýasy hyzmatdaşlyk şertnamasyna gol çekdiler. Hyzmatdaşlar uly ýolagçy elektrik uçarlarynda ulanmak üçin......

24.06.2026 07:48
1.6k+

Ýewropada gaýtadan ulanylýan «Space Rider» kosmos gämisiniň synaglary togtadyldy

Ýewropanyň Kosmos agentligi geljegi uly bolan gaýtadan ulanylýan «Space Rider» kosmos gämisiniň synaglaryny taýýarlyk döwründe ýüze çykan garaşylmadyk ýagdaý sebäpli yza süýşürdi....