Nýu-Jersidäki sergide “Titanigiň” ýolagçylarynyň soňky agşamlyk nahary gaýtadan gurnalar

  • 06.03.2025 17:43
  • 9.1k+

Nýu-Jersidäki “Liberti” ylmy merkezinde “Titanige” bagyşlanan sergi geçirilýär. Onda myhmanlara üýtgeşik bir waka garaşýar – ekspozisiýanyň guramaçylary birinji derejeli ýolagçylaryň gäminiň heläkçiliginden öňki gijedäki soňky agşamlygynyň menýusyny gaýtadan dikelder diýip, The New York Times habar berýär.

Merkeziň müdiri Pol Hoffmanyň aýtmagyna görä, şol agşam menýuda konsome çorbasy, azatmahy, ördek, kepderi we dürli süýjülikler bardy. Agşamlyk nahary 4-5 sagat dowam edipdir.
Ähtimal, ýolagçylar aýsberg bilen çaknyşykdan sähel öň ýatmaga giden bolmaly.
1912-nji ýyldaky tagamlaryň asyl taýýarlaýyş usullary ýiten, şonuň üçin aşpezlik hünärmeni we telealypbaryjy Geýl Simmon tagamlary noldan döretdi. Sergide nahar paýlary az-owlak kiçi bolar we tagamlara gök önümler hem peýdaly goşundylar goşular.
Ahyrynda myhmanlar “Titanikde” aýsberg bilen çaknyşykdan soň orkestr tarapyndan çalnan kompozisiýanyň hormatyna Nearer, My God, to Thee (“Taňrym, saňa ýakyn”) adyny alan kokteýlden dadyp görer.
Sergide heläkçiligiň bolan ýerinde tapylan 5500 artefaktdan 100-den gowragyny, şol sanda altyn lýustrany we 1912-nji ýylyň 15-nji aprel gijesindäki maglumatlary görkezýän logometri (geçilen aralygy yzarlaýan gurluş) görmek bolýar.


22.06.2026 00:57
5.4k+

ABŞ BMG-ä 1 mlrd dollardan gowrak ynsanperwer kömegini berdi

ABŞ-nyň Döwlet departamenti ynsanperwerlik maksatly, şeýle-de tebigi betbagtçylyklaryň netijelerini ýok etmek üçin 1 milliard dollardan gowrak serişdäniň bölünip berlendigini yglan etdi. Bu serişdeler BMG-niň......

19.06.2026 19:53
2.3k+

Google gurluşykçy we elektrik hünärleri okuwyna $50 mln gönükdirmekçi

Google kompaniýasy «Google.org» gaznasy arkaly ABŞ-nyň 20-den gowrak ştatynda işçi hünärleri boýunça okuw maksatnamalaryna 50 million dollar gönükdirer. Kompaniýa bu taslamanyň çäginde 300 müňden gowrak......

15.06.2026 12:34
1.6k+

Paramount-yň Warner Bros.Discovery-ny satyn almagyna ýene bir böwet aradan aýryldy

ABŞ-nyň Adalat ministrligi Paramount Skydance kompaniýasy tarapyndan Warner Bros. Discovery-ny satyn almak boýunça 111 milliard dollarlyk şertnamany makullady....

13.06.2026 09:33
10k+

Eger ABŞ DÇ-2026-da ýeňiji bolsa, Jeep 100 sany wnedorožnigi sowgat berer. Emma birje ýönesi bar...

Amerikanyň Jeep brendi Futbol boýunça dünýä çempionatynyň şanyna adaty bolmadyk watançylyk mahabat kampaniýasyny başlady. Kompaniýa eger ABŞ-nyň topary çempionatda ýeňiş gazansa, 100 sany Jeep Wrangler......