75 ýyl ummanyň düýbünde ýatan “Titanikden” altyn lýustra ABŞ-nyň muzeýinde goýuldy

  • 24.02.2025 13:53
  • 10k+

Nýu-Jersiniň muzeýinde “Titanigiň” birinji derejeli çilim otagyny bezän altyn lýustra köpçülik üçin hödürlendi. Bu barada New York Post habar berýär.

Agramy 9 kg bolan lýustra 75 ýyllap Atlantik ummanynyň düýbünde ýatdy. Ol 1987-nji ýylda ýokary çykaryldy we hünärmenleriň bellemegine görä, ol gowy saklanypdyr. Artefakt meşhur gämiden 250 töweregi predmeti öz içine alýan ekspozisiýanyň bir bölegi boldy.
Sergi myhmanlara “Titanik” gämisiniň atmosferasyny duýmaga mümkinçilik berýär. Muzeýde gaýtadan dikeldilen interýerleri görmek, gäminiň ugruny yzarlamak we hatda heläkçilik günündäki sowugy duýmak üçin emeli aýsbergi elläp görmek mümkinçiligi hödürlenýär.
Ekspozisiýa bütin dünýäni aýlanýar we mundan öň Bostonda hödürlendi. Oňa eýýäm 35 milliona golaý adam baryp gördi. Jersi-Sitidäki “Liberti” ylmy merkezinde sergi 1-nji sentýabra çenli dowam eder.


04.06.2026 23:16
4.2k+

ABŞ-nyň kazyýeti iň uly atmosfera barlaglary merkeziniň başga operatora geçirilmegini gadagan etdi

ABŞ-nyň Federal kazyýeti döwlet edaralarynyň amala aşyrýan çäreleriniň kanunylygyny şübhe astyna alyp, ABŞ-nyň Atmosfera barlaglary boýunça milli merkeziniň (NCAR) superkompýuter merkezini başga bir operatora......

03.06.2026 18:12
6k+

Google çybynlaryň sanyny azaltmak üçin tebigata 32 million çybyn goýberer

Google kompaniýasy çybynlar arkaly ýaýraýan kesellere garşy göreşmek maksady bilen, Kaliforniýada we Floridada ýörite işlenilen 32 milliona çenli çybyny tebigata goýbermegi göz öňünde tutýan taslamany durmuşa......

02.06.2026 11:43
4.4k+

Oregon tokaýlyklarynyň aşagynda Ýerdäki iň uly janly organizm tapyldy: onuň 8500 ýaşy bar

Amerikanyň Oregon ştatyndaky Malýer milli tokaýlygynyň çäklerinde ýerleşýän ägirt uly «Armillaria ostoyae» kömelek köki Ýer ýüzündäki iň uly janly organizm diýlip ykrar edildi....

29.05.2026 23:05
5.3k+

99 ýaşly amerikaly zenan kraudsýorfing boýunça rekord goýdy

ABŞ-nyň 99 ýaşly ýaşaýjysy Polin Kena konsert wagtynda kraudsýorfing eden iň ýaşuly adam boldy. «LouderSound» neşiriniň habar bermegine görä, ol resmi ýagdaýda Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi....