Dünýäde ilkinji wideoregistratorly welosiped äýnegi görkezildi

  • 06.03.2025 14:06
  • 2.3k+

Barselonadaky MWC 2025 sergisinde BleeqUp startapy wideoregistratorly dünýäde ilkinji akylly welosiped äýnegini hödürledi. Olar ekşn-kameralaryň ornuny tutup, wideo ýazýar, jaň kabul edýär we ses dolandyryşy bilen işleýär.

BleeqUp Ranger äýnegi 30 k/sek-da 1080p bilen wideo düşürýän oturdylan 16 Mp kamera bilen enjamlaşdyryldy. Kamera 120° syn ediş burçy bilen ultra giňburçly linzanyň netijesinde ýoly we daş-töweregi ýazga alýar. Optiki durnuklaşdyrma ýazgy wagtynda titremegiň öňüni alýar. Äýnek arakesmesiz bäş sagatlap ýazgy edip bilýär, bu, takmynan, 200 km ýola deňdir.
Äýnegiň sapyna 37 km/sag çenli tizlikde sesi tutmaga ukyply bolan mikrofon oturdyldy. Äýnek smartfona Bluetooth arkaly birigýär, çarçuwadaky sensor paneli bolsa jaňlary kabul etmäge ýa-da ret etmäge mümkinçilik berýär.

BleeqUp Ranger sesiň süňk arkaly geçirijiligini ulanýar, bu bolsa hem söhbetdeşi, hem daşky gurşawy eşitmäge mümkinçilik berýär. Äýnek Zeiss linzalary bilen üpjün edildi we iň gowy gezelenç pursatlary bilen wideo döretmek üçin ChatGPT-4o ses kömekçisini goldaýar.
Programmada ugry yzarlamak, akylly sagatlar we fitnes bilezikler bilen baglanyşmak, ses dolandyryşy ýaly mümkinçilikler hem göz öňünde tutuldy.
BleeqUp Ranger-iň bahasy – 499 dollar. Satuw 2025-nji ýylda başlar, deslapky sargytlar eýýäm açyk.



şu gün 12:35
1.2k+

iFixit «Trampofonuň» bejerilip bilinme ýagdaýyna 10 baldan 3 bal berdi

iFixit-iň hünärmenleri «Trump Mobile» smartfonuna bejerilme mümkinçiligi boýunça 10 baldan bary-ýogy 3 bal berdiler we bu enjam tutuşlygyna diýen ýaly «HTC U24 Pro» modelini gaýtalaýar diýen netijä geldiler....

şu gün 08:32
2.3k+

Ýat mikroshemalarynyň gymmatlamagy sebäpli dünýäde smartfon önümçiligi azaldy

TrendForce analitiki kompaniýasy 2026-njy ýylyň birinji çärýegi üçin dünýäniň smartfon bazarynyň ýagdaýy barada hasabatyny neşir etdi. Onuň maglumatlaryna görä, şu ýylyň ilkinji üç aýynyň dowamynda dünýäde,......

düýn 23:56
1.8k+

Emeli aň Abu-Dabide ilkinji gezek dyz bogunlaryny bölekleýin çalşyrmak operasiýasyny geçirdi

Abu-Dabide robot tehnologiýalaryny we emeli aňyň üsti bilen dyz bogunlaryny bölekleýin çalşyrmak boýunça ilkinji operasiýa ýerine ýetirildi. Emirates News Agency (WAM) agentliginiň habar bermegine görä, bu......

09.06.2026 23:04
2.8k+

Apple täze dizaýn we 200-den gowrak gowulaşdyrma bilen iOS 27 ulgamyny hödürledi

WWDC 2026 maslahatynyň çäklerinde Apple kompaniýasy iOS 27 operasion ulgamyny resmi taýdan görkezdi. Bu ulgamyň iň esasy täzelikleriniň biri emeli aňyň esasyndaky Siri-niň täze görnüşi boldy, ýöne täzelenme......