Disney “Şa gyzy we gurbaga” filminiň dowamyny düşürmekden ýüz öwürdi

  • 06.03.2025 13:07
  • 2.5k+

Walt Disney Animation kompaniýasy şa gyzy Tiana barada animasion aýdym-saz serialynyň üstünde işlemezlik kararyna geldi. Taslama 2009-njy ýyldaky “Şa gyzy we gurbaga” filminiň dowamy bolmalydy.

Deadline neşiriniň maglumatlaryna görä, studiýa akym platformalary üçin original seriallary işläp taýýarlamazlyk kararyna geldi.
Serial 2020-nji ýylyň dekabrynda anons edildi, şondan bäri Disney göz öňünde tutulan taslamadan diňe bir kadr çykardy. Onda studiýanyň ilkinji garaýagyz şa gyzysy bolan Tiananyň keşbinde ýene-de Anika Noni Rouz peýda bolmalydy.
Multserial filmde gürrüňi edilýän wakany dowam etdirmelidi. Multfilmde waka 1920-nji ýyllarda Täze Orleanda bolup geçýär. Tiana – öz restoranyny açmagy arzuw edýän zähmetsöýer ofisiant. Zalym jadygöý-wudu Fasilýe tarapyndan gurbaga öwrülen şazada Nawin bilen posadan soň Tiana hem gurbaga öwrülýär. Indi gahrymanlara asla giç bolmanka öz adam keşplerine gaýdyp gelmegiň ýoluny tapmak galýar.


şu gün 12:00
811

Disney 2026-njy ýylda film studiýalarynyň içinde ýygymy 3 milliard dollardan geçen ilkinji studiýa boldy

Walt Disney Studios 2026-njy ýylda dünýäde kassa girdejisini 3 milliard dollardan geçiren ilkinji kinostudiýa boldy diýip, Deadline neşiri habar berýär. Çeşmäniň maglumatyna görä, kompaniýanyň şu ýylky ähli......

şu gün 10:12
924

«Minýonlar we nägehanlar» multfilminiň premýerasynda minýon dilinde aýdym aýtmak bäsleşigi geçdi

«Minýonlar we nägehanlar» multfilminiň premýerasynda minýon dilinde aýdym aýtmak boýunça bäsleşik geçirildi. Ýeňiji bolan gyz «Jackson 5» toparynyň «I'll Be There» aýdymyny ýerine ýetirdi....

27.06.2026 11:31
2.2k+

Tarantino bilen aýdymçy Kaýli Minoug bir filmde oýnar

Amerikan režissýory Kwentin Tarantino britaniýaly režissýor Jeými Adamsyň täze filminde surata düşer. Awstraliýaly aýdymçy Kaýli Minoug hem şol filmde oýnar diýip, Variety neşiri habar berýär....

26.06.2026 23:58
2.2k+

Illumination studiýasy «Zweropoý» we «Öý haýwanlarynyň gizlin durmuşy» filmleriniň täze bölümlerini taýýarlaýar

«Illumination» studiýasy «Zweropoý 3» (Sing 3) we «Öý haýwanlarynyň gizlin durmuşy 3» (Тайная жизнь домашних животных 3) animasion filmlerini işläp düzmäge başlady. Bu barada kompaniýanyň ýolbaşçysy Kris......