«Arkadag» FK AFK-nyň Çagyryş ligasynda Hindistanyň üç gezek çempionyny ýeňmegi başardy

  • 06.03.2025 08:41
  • 10k+

«Arkadag» futbol topary AFK-nyň Çagyryş ligasynyň çärýek final tapgyryndaky duşuşyklaryna ýeňiş bilen başlady. Ilkinji duşuşygynda klub myhmançylykda Hindistanyň üç gezek çempiony bolan «Ist Bengal» toparyny 1:0 hasabynda ýeňmegi başardy.

Kalkutta şäheriniň “Salt Lake” stadionynda geçirilen duşuşykda türkmen toparynyň ýeňiş goluny birinji ýarymyň başynda Ýazgylyç Gurbanow geçirdi.
Netijede, “Arkadag” topary dördünji resmi duşuşygynda üçünji ýeňşini gazandy. Topar ýaryşyň geçen ýylyň oktýabr-noýabr aýlarynyň sepgidinde geçirilen toparçalaýyn tapgyrynda Kuweýtiň “Al-Arabi”, Gyrgyz Respublikasynyň “Abdyş-Ata”, Maldiwleriň “Maziýa” toparlaryny yzda galdyryp, “B” toparçada birinji orny eýelemegi başarypdy.

“Ist Bengal” kluby 104 ýyllyk taryhynyň dowamynda Hindistanda üç gezek çempion bolmagy başardy. Milli we halkara derejede 180-den gowrak kubok gazanan klub “A” toparçany 7 utuk bilen birinji orunda tamamlapdy. Döredilenine iki ýyl bolan türkmen topary taryhy bir asyrdan hem geçýän garşydaşyny ýeňmegi başardy.
Türkmenistanyň çempiony jogap duşuşygyny 12-nji martda Arkadag şäherinde geçirer. Arkadag şäherindäki adybir stadionda geçiriljek duşuşykda ýurdumyzyň çempionyny deňme-deňlik hem kanagatlandyryp biler.


şu gün 13:51
3.7k+

DÇ – 2026: Dembele hettrik etdi, Kabo-Werde taryha öwrülýär, Eýran welin, Müsürden asgyn geldi...

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň Dünýä çempionatynda G, H we I toparlarynda iň soňky – 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparçalardaky jemleýji orunlar we 1/16 ahyrky tapgyra......

düýn 14:33
11k+

DÇ-2026:  Germaniýa Ekwadordan, ABŞ - Türkiýeden ýeňlip, öňe barýarlar

Futbol boýunça dünýä çempionaty barha we barha gyzyşýar. E, F we D toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş jetwelindäki gutarnykly......

25.06.2026 13:40
9.1k+

DÇ-2026: Winisius bombardirleriň bäsleşigine goşuldy, Marokkodan goşa kambek

Futbol boýunça dünýä çempionatynyň tüýs gyzgalaňly pursatlary dowam edýär. A, B we C toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş......

24.06.2026 22:49
8k+

DÇ-2026: Pleý-off tapgyrynyň öňüsyrasynda toparçalardaky ýagdaý nähili? Kim gider, kim galar?

Futbol boýunça 23-nji dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň iň jogapkärli – 3-nji tapgyry başlanýar. Köp ýygyndylar üçin bu ädim pleý-offa (1/16 finala) çykmagyň soňky mümkinçiligi. A käbirleri eýýämden......