Bagtyly obasyndan Sarygül Mätiýewa planetanyň iň uzak ýaşly enesi bolup biler

  • 05.03.2025 12:40
  • 33k+

Da­şo­guz we­la­ýa­ty­nyň Ak­de­pe et­ra­by­nyň Ak al­tyn ge­ňeş­li­gi­niň Bag­ty­ly oba­syn­dan Sa­ry­gül ene Mä­ti­ýe­wa­ 2025-nji ýylyň ýanwar aýynda 117 ýaşyny belledi. "Türkmenistan" gazetinde çap edilen makala görä, Sa­ry­gül ene planetanyň iň uzak ýaşly enesi bolup biler.

Pas­por­tyn­daky maglumatlara görä, Sa­ry­gül Mä­ti­ýe­wa­ 1908-nji ýy­lyň 1-nji ýan­wa­ryn­da doglupdyr. Daýhan maşgalasynda önüp-ösüpdir. Mä­ti Bo­za­ga­now maşgala gurup, alty çagany - Gur­ban hem-de Güýç at­ly ogul­la­ry­ny, Aman­täç, Eje­gül, Gyz­so­ňy, Al­tyn at­ly gyz­la­ry­ny edep-ek­ram­ly, ho­ja­lyk­çy edip ter­bi­ýe­leäpdir­ler. Hä­zir­ki wagt­da ola­ryň äh­li­si-de hor­mat­ly dynç alyş­da. Sarygül enä­niň 43 ag­ty­gy, 97 çow­lu­gy, 9 ýuw­lu­gy bar.
Sa­ry­gül enemiz ýaşlykdan do­ga­nyn Begmyratdan at mün­mä­niň til­sim­le­ri­ni, ola­ra ideg et­me­giň usul­la­ry­ny hö­wes bi­len öw­re­nip­dir. Ze­nan­dy­gy­na gara­maz­dan, at mün­mek, uzak men­zil­le­ri kül­ter­le­mek hö­we­si on­da, aý­ra­tyn-da, 1935-nji ýyl­da­ky Aş­ga­bat — Mosk­wa il­kin­ji at­ly ýö­ri­şin­den soň­ra dö­räpdir. Ol hatda 
1936-njy ýy­lyň iýu­nyn­da 83 adam­dan yba­rat at­ly­laryň Dar­ga­na­ta et­ra­byn­dan Aş­ga­ba­da ta­rap geçen ýö­ri­şine hem goşulypdyr.
Sarygül enäniň kör­pe ogly Güýç aga kä­be­si­niň uzak ýaşynyň syry barada şeýle aýdýar:

«...Ejem her gün ir­den ota­gy­nyň per­de­si­ni sy­ryp mel­le­gi­mi­ze se­red­ýär. Ol bü­tin öm­rü­ni zäh­me­te ba­gyş­lap, ýer­den be­re­ket tap­dy. Bu en­di­gi­niň özü­ni ra­hat­lan­dyr­ýan­dy­gy­ny, ba­şyn­dan ge­çi­ren gün­le­ri­ni ýa­dy­na sal­ýan­dy­gy­ny aý­dyp ber­ýär. Ýe­ne-de eje­miň “Köp ýat­ma­ly däl, he­mi­şe he­re­ket­de bol­ma­ly. Uky­ňam öz wag­ty bar, işi­ňem. Gam-gus­sa ber­lip otur­ma­ly däl, gaý­gy-gam, oý-pi­kir ada­my gar­rad­ýar. Pi­kir­den iş bit­mez, he­re­ket ge­rek, hem­me zat üçi­nem. Ýa­şa­mak üçin mak­sa­dyň bol­ma­ly, hö­wes ýit­se, ýa­şaý­şy­ňam ma­ny­sy bol­maz. Be­dew mü­nüň, be­dew mü­nen has­sa bol­maz di­ýer­di­ler...” diý­ýän sar­gyt­la­ry­nyň äh­li­si­ne-de özi dur­muş­da we­pa­ly bol­dy. Ada­myň uzak ýa­şa­ma­gy­nyň sy­ry, müm­kin, şu hä­si­ýet­le­re eýe­ril­me­gi bi­le­nem bag­ly bol­sa ge­rek...».

Geron­to­lo­gik bar­lag to­pa­ry­nyň mag­lu­mat­la­ry­na görä, 1908-nji ýy­lyň 8-nji iýu­nyn­da dog­lan bra­zi­li­ýa­ly mo­nah ze­nan Ina Ka­na­bar­ro Lu­ka­syň «Dün­ýä­niň iň uzak ýaş­ly ýa­şaý­jy­sy» hök­mün­de şu ýy­lyň ýan­wa­ryn­da res­mi taý­dan Gin­ne­siň bü­tin­dün­ýä re­kord­lar ki­ta­by­na girizildi. Mundan netije çykarsak, Gin­ne­siň ki­ta­by­na gi­ri­zi­len bra­zi­li­ýa­ly ene dog­lan­da Sa­ry­gül ene­miz bäş aý­lyk bä­bek eke­ni.
Belläp geçsek, Sarygül Mätiýewa Ýer ýüzüniň iň garry ýaşaýjysy adyna dalaşgär ilkinji türkmenistanly däl. Öň, Tmcars.info Mary welaýatynyň ýaşaýjysy Ajapsoltan Hajyýewa barada hem gürrüň beripdi. 1900-nji ýylda dünýä inen Ajapsoltan enemiz 122 ýaşynda (2022-nji ýylda) aradan çykdy.


şu gün 19:31
291

Medeniýet hepdeligi – 2027 Daşoguz welaýatynda geçiriler

2027-nji ýylda Medeniýet hepdeligi 22-nji we 27-nji iýun aralygynda Daşoguz welaýatynda geçiriler. Degişli Karara Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow gol çekdi. Resminama bilen guramaçylyk topary......

24.06.2026 09:29
4.1k+

Balhaşdaky festiwalda agramy 86 kg-dan geçýän «kazyburger» taýýarlandy

Balhaş şäherinde geçirilen «Balkhash Tour Fest — 2026» festiwalynda Gazagystanyň täze resmi gastronom rekordy bellige alyndy. Ýerli aşpezler tomaşaçylaryň we myhmanlaryň gözüniň alnynda ägirt uly «kazyburger»......

19.06.2026 10:10
3.5k+

Zergär Göwher Nuryýewa Buharada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Türkmen zergäri, Suratkeşler birleşiginiň agzasy Göwher Nuryýewa Altyn sapak we zergärçilik hünäri III halkara festiwalynda üçünji orny eýeledi. Bu çäre 15—17-nji maý aralygynda Buhara (Özbegistan) şäherinde......

18.06.2026 22:32
4.8k+

194 ýaşly pyşbaga Jonatan resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabynyň ikonasy boldy

Ýerde ýaşaýan janly-jandarlaryň iň garrysy hasaplanýan Jonatan atly aldabra pyşbagasy resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabynyň abraýly «ikona» statusyna eýe boldy....