Dünýä ýalňyşýar­! ­Ýer ýüzüniň iň garry ­ýaşaýjysy Mary welaýa­tynda ýaşaýar

  • 22.10.2020 08:11
  • 76k+

Öň, sentýabr aýynda TmCars.info World Journal çeşmelerine salgylanyp, dünýäniň iň garry ýaşaýjysynyň Ýaponiýanyň Fukuoka prefekturasyndan Kane Tanakadygyny habar beripdi. 2020-nji ýylyň 2-nji ýanwarynda ol 117 ýaşady. Bu maglumatlar Ýer ýüzüniň iň uzak ýaşly ýaşaýjylarynyň sanawyny düzýän Gerontologik barlaglaryň toparyndan hem bellige alyndy.

Emma dünýä gapyllykda galdy! «Türkmenistan» gazetinde Kane Tanakadan üç ýaş uly bolan Mary welaýatynyň ýaşaýjysy barada habar peýda boldy. 120 ýaşly bu zenan — Ajapsoltan Hajyýewa.
Bu hormatly zenan 1900-nji ýylda Mary welaýatynyň Mary etrabynyň Babasary geňeşliginde dogulýar.
Habar berlişi ýaly, ol ir mahallar daýhançylyk edipdir, dokma darak kakypdyr, öý işleri bilen meşgullanyp, mal-garalara seredipdir. Oba hojalyk işlerine gatnaşyp, obadaşlarynyň arasynda uly hormatdan peýdalanypdyr. Ýanýoldaşy Hajy aga ir gelen dert zerarly aradan çykypdyr.
Uruş ýyllarynyň agyr günlerini gerdeninde çeken ene ýeke dikrary Atany hor-homsy durmuşda ýaşatmazlyk, ilbiri edip ýetişdirmek üçin hem eje, hem kaka ornunda durup zähmet çekipdir. Ata Hajyýew il içinde uly hormatdan peýdalanýan ogul bolup ýetişýär. Ata aga häzir 86 ýaşynyň içinde bolsa-da, örän ýeňil gopýar. Ýanýoldaşy Täzegül eje bilen bagtly durmuşyň hözirini görüp, sag-gurgunlykda ýaşaýarlar.

Ajapsoltan ene 120 ýaşyndadygyna garamazdan, häzirem aýak üstünde. «Ajapsoltan enemiz bize hemişe halal ýaşamalydygyny, sagdyn durmuş, tut ýaly jan saglyk isleýän bolsaň, zähmet çekmekden, köp hereketde bolmakdan gaçmaly däldigini ündeýär. Ol gök-önümleri iýmäni gowy görýär. Ondan gaýta-gaýta uzak ýaşamagyň sebäbini soraýarlar. Hemişe-de şol bir jogabyny berýär: «Köp hereketde gezmeli, iýip-içýänleriňe gözegçilik etmeli, iň esasy-da döwrüňem, döwletiňem asuda bolmaly».

Onuň ogly Ata agadyr gelni Täzegül ejeden ösüp-örňän 12 agtygy, 67 çowlugy, 32 ýuwlugy bar.
2020-nji ýylda ýer ýüzüniň iň uzak ýaşly ýaşaýjysy «1941-1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 75 ýyllygyna» ýubileý medaly bilenem sylaglandy.

TmCars.info-nyň redaksiýasy bu maglumaty resmi taýdan bellige almak hem-de iň uzak ýaşly ýaşaýjy barada dünýäni habardar etmek haýyşy bilen Gerontologik barlag toparynyň direktory Robert D.Ýang bilen habarlaşmaga synanyşdy.
Okyjylarymyzy täzelikleriň ýaýbaňlanyşy bilen tanyşdyryp durarys.
Gerontologik barlag topary 1990-njy ýylda döredildi. Bu gurama uzak ýaşan ýaşaýjylary (azyndan 110 ýaşan) agtarýan hem-de barlaýan dürli ugurlara ýöriteleşen barlagçylaryň toparydyr. Bu topar şeýle hem garramaklygy togtatmak ýa-da haýallatmak maksady bilen gerontologik barlaglary alyp barýar.

düýn 23:12
1.2k+

Ýapon hünärmenleri bäbekleri uklatmak üçin ýörite saz döretdi

Kazyýet subutnamalary üçin sesleri seljermäge ýöriteleşen Ýaponiýanyň «Tiba audiokommunikasiýalar barlaghanasy» täjirçilik däl guramasy bäbekleri uklatmak üçin niýetlenen sazy döretdi. Bu saz ýazgysy X sosial......

düýn 22:53
2k+

DÇ-2026-nyň topy kosmosa-da baryp ýetdi

2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynyň resmi topy bolan Adidas Trionda Halkara kosmos stansiýasyna (HKS) iberildi....

düýn 14:49
1.1k+

«Super Mario Bros.» oýun kartriji rekord derejede – 3 million dollara satyldy

«Heritage Auctions» bäsleşikli söwdada «Super Mario Bros.» oýnunyň asyl gaby açylmadyk kartriji rekord bahasyna, ýagny 3 million dollara satyldy....

düýn 14:28
919

Fransiýada Mosartyň kompozisiýalarynyň garalamasy bolan depderi tapyldy

Awstriýaly kompozitor Wolfgang Amadeý Mosartyň arfa we fleýta üçin ýazylan ýedi sany pýesasy bolan depderi Fransiýanyň Milli kitaphanasynyň (BnF) Pariždäki gözegçisi tarapyndan tapyldy. Bu barada Agence......