Toyota Hytaý bazary üçin täzelenen Corolla-nyň suratlaryny görkezdi

  • 11.09.2025 21:38
  • 15k+

FAW-Toyota konserni Hytaý bazary üçin täzelenen Corolla sedan modelini taýýarlap başlady. Autohome neşiriniň habar bermegine görä, awtoulagyň ilkinji maglumatlary we suratlary Hytaýyň Senagat ministrliginiň katalogynda peýda boldy.

Täze wersiýada awtoulagyň öňki bölegi ep-esli üýtgedildi. C-şekilli çyralar yşyk zolagy bilen, dik howa geçirişli täze bamper, üýtgedilen radiator gözenegi we kapot peýda boldy.
Logotip gözenegiň we kapodyň arasynda ýerleşdirilen plastinkanyň üstüne geçirildi. Sypaty öňküligine galdy, yzky bölekdäki üýtgeşmeler bolsa faralaryň aşagyndaky gara bezeg paneli bilen çäklenýär.
Ölçegleri: 4710×1780×1435 mm, teker bazasy — 2750 mm. Uzynlyk 80 mm, baza bolsa 50 mm uzaldy.
Motor görnüşleri:

  • Täze 2,0 litrlik, 171 at güýji bolan benzin hereketlendirijisi, iň ýokary tizlik 180 km/sag.
  • 1,8 litrlik, 98 at güýji bolan hereketlendirijä esaslanýan gibrid wersiýasy. Onuň iň ýokary tizligi 160 km/sag, ýangyç sarp edişi bolsa 100 km-e 4,13 litr. Transmissiýa barada jikme-jik maglumat entek açylmady.

Häzirki wagtda Hytaýda Toyota Corolla 116 800 — 155 800 ýuana (takmynan 16,4–21,9 müň ABŞ dollary) aralygynda satylýar. Täzelenen wersiýanyň satyşa çykjak wagty we bahasynyň nähili üýtgejekdigi entek belli däl. Salonyň suratlary hem entek görkezilmedi.


şu gün 21:15
447

Toyota rekord derejedäki satuwlara garamazdan, model sanyny azaltmak isleýär

Toyota kompaniýasy rekord derejedäki satuw görkezijilerine garamazdan, awtoulaglaryň model we görnüş sanyny azaltmagy, ünsüni bolsa iň köp isleg bildirilýän hem-de düşewüntli ugurlara gönükdirmegi......

16.06.2026 09:57
5.9k+

Toyota Ýewropada Hilux modeliniň täze neslini tanyşdyrdy

Toyota kompaniýasy Ýewropada Hilux pikapynyň dokuzynjy neslini görkezdi. Bu model öňki rama gurluşyny we ýolsuz ýerlerde hereket etmek mmükinçiliklerini saklap galdy, ýöne doly täzelenen dizaýna, sanly......

16.06.2026 07:52
4.2k+

BYD ulagyň aşagyndaky haýwanlary kesgitleýän ulgamyň patentini aldy

BYD hytaý kompaniýasy ulagyň aşagyndaky haýwanlary ýüze çykarmaga ukyply ulgamyň patentini aldy. ITHome neşiriniň ýazmagyna görä, bu tehnologiýa hereket başlanmazdan ozal we simsiz zarýad beriş ulgamy ulanylan......

15.06.2026 23:53
2.7k+

24 sagatlyk çydamlylyk ýaryşynda "Toyota-nyň" ekipažy ýeňiş gazandy

Fransiýada dünýäniň çydamlylyk ýaryşlary çempionatynyň (WEC) 2026-njy ýyl möwsüminiň üçünji tapgyry bolan "Le-Manyň 24 sagady" ýaryşy tamamlandy. Kamui Kobýasi, Nik de Wris we Maýk Konweýden ybarat bolan......