Aýyň üstünden Günüň dogşy, ynha, şeýle görünýär. Blue Ghost-yň ugradan täze suratlary

  • 05.03.2025 14:18
  • 8.5k+

Firefly Aerospace hususy aerokosmiki kompaniýasy Aýdaky Blue Ghost gonuş moduly tarapyndan düşürilen Günüň dogup gelýän suratyny paýlaşdy.

 "Oýan-da, şöhle saç! Blue Ghost aý moduly Aýyň üstünde ilkinji gezek Günüň dogup gelşini surata düşürdi, bu bolsa Aý gününiň başlanandygyny görkezýär"-diýip, kompaniýa özüniň X sosial ulgamyndaky sahypasynda ýazdy.

Bu Blue Ghost-yň kosmos syýahatyndan iberen ilkinji suraty däl. 18-nji fewralda Blue Ghost Aýyň fonunda Ýer şaryny surata düşüripdi.

Bu modul Ýerdäki 14 güne barabar wagt, ýagny Aýyň arka tarapynda gije düşýänçä işlemegini dowam etdirer.

Blue Ghost Mission 1 hemranyň daşyndan üç aýlaw edenden soň, 2-nji martda Aýa üstünlikli gondy. Bu 2024-nji ýylyň fewral aýynda Intuitive Machines kompaniýasynyň amala aşyran IM-1 missiýasyndan soň, hususy modulyň ikinji üstünlikli gonuşydyr, ýöne şol gezekki missiýada modul gonuş wagtynda gapdallygyna düşmegi sebäpli, ylmy enjamlaryň işleýşini çäklendiripdi.

"Aýdaky bu kiçijik ädim täjirçilik barlaglarynda ägirt uly böküşi aňladýar" -diýip, Aýa ilkinji aýak basan amerikaly kosmonawt Nil Armstrongyň ganatly sözlere öwrülip giden jümlesini kompaniýada täzeçe aňlatma bilen aýtdylar.

Firefly Aerospace buraw synagy, regolit ýygnamak, radiasiýa durnukly hasaplamalar we Aý tozanyna garşy göreşmek üçin ylmy gurallary eltdi. Şeýle hem NASA kosmosyň howasynyň Ýere edýän täsiri barada täze maglumatlary almagy umyt edýär.

Şu wagta çenli Aýa diňe Russiýanyň, ABŞ-nyň, Hytaýyň, Hindistanyň we Ýaponiýanyň döwlet missiýalary üstünlikli gonupdy.


düýn 10:51
805

Prada we Axiom Space Aýda geýiljek skafandryň içki gatlagyny görkezdi

"Prada" we "Axiom Space" kompaniýalary LCVG (suwuklyk bilen sowadýan we wentilýasiýa edýän eşik) atly içki sowadyjy we wentilýasiýa eşigini tanyşdyrdylar. Ol astronomlaryň Aýyň üstünde işleýän wagty beden......

08.06.2026 16:17
2.7k+

NASA-nyň «X-59» uçary ilkinji gezek ses tizliginden geçmäge taýýarlanýar

NASA-nyň «X-59» sesden hem çalt uçýan eksperimental uçary uçuş synaglarynyň nobatdaky tapgyryna taýýarlanýar. Bu tapgyrda uçar öz taryhynda ilkinji gezek sesiň tizliginden-de ýokary geçmelidir....

07.06.2026 19:54
2.1k+

NASA geljekki bazany taýýarlamak üçin Aýa her aýda robotlary iberer

NASA 2027-nji ýyldan başlap, Ýeriň tebigy hemrasynyň günorta polýusynyň töwereginde geljekki bazanyň infrastrukturasyny taýýarlamak üçin Aýa takmynan her aýda uçarmansyz missiýalary geçirmegi meýilleşdirýär....

04.06.2026 19:55
5.9k+

Günde bolup geçen ýokary derejeli X partlamasy Ýerde magnit tupanlaryny güýçlendirer

3-nji iýunda Günde birnäçe güýçli partlama bolup gecdi, şondan soň birnäçe plazma buludy Ýere tarap ugur aldy. Alymlar olaryň özara täsiriniň planetanyň magnitosferasyna güýçli täsir edip biljekdigini......