Toyota Corolla Hybrid Hytaýyň hemme ýerinde bir bahadan satylar

  • 04.03.2025 16:30
  • 10k+

FAW Toyota bilelikdäki kärhanasy Hytaýda täze göni satuw modelini girizdi: indi Toyota Corolla Hybrid ulagynyň bahasy öndüriji tarapyndan kesgitlener we ol ähli dilerlerde birmeňzeş bolar.

Hytaýda awtomobiliň başlangyç bahasy 89,8 müň ýuana (takmynan, 12,3 müň dollar) barabar. Täze çemeleşme dilerler tarapyndan bahanyň artdyrylmagynyň we ulanyjynyň razylygy bolmazdan goşmaça opsiýalaryň satylmagynyň öňüni alar. Sebite garamazdan, Toyota Corolla Hybrid-iň bahasy indi üýtgewsiz galar.

Model 137 at güýjüni berýän 1,8 litrlik atmosfera hereketlendirijisiniň esasynda gibrid gurluş bilen enjamlaşdyrylandyr. e-CVT wariatory 100 km üçin 4,06 l ýangyjyň sarp edilmegini üpjün edýär.

Esasy wersiýada Corolla Hybrid sürüji üçin dürli kömek ulgamlaryny öz içine alýan Toyota Pilot intellektual dolandyryş ulgamyna eýe boldy. 


düýn 23:03
817

Dreame kompaniýasy 100 km/sag-a 0,9 sekuntda çykyp bilýän raketa güýçlendirijili giperkar döretdi

Hytaýyň Dreame kompaniýasy Nebula Next 01 giperkarynyň Jet Edition atly täze görnüşini tanyşdyrdy. Bu modeliň esasy aýratynlygy — onuň 100 km/sag tizlige bary-ýogy 0,9 sekuntda ýetmegine mümkinçilik berýän iki......

düýn 09:33
5.8k+

61 ýurtda iň köp satylýan awtoulag markalary yglan edildi; Toyota 25 ýurtda öňdeligi eýeledi

Focus2Move synçy kompaniýasy 2025-nji ýylyň netijeleri boýunça 61 ýurtda iň köp satylan awtoulag markalarynyň sanawyny çap etdi. Garaşylyşy ýaly, dünýä bazarynyň lideri bir wagtyň özünde 25 ýurtda birinji orny......

10.05.2026 21:39
3.6k+

Porsche satuwyň peselmegi bilen ýüzbe-ýüz boldy we käbir golçur kompaniýalaryny ýapýar

Germaniýanyň Porsche awtoulag öndürijisi giň gerimli gaýtadan guramak işleriniň çäginde özüniň Porsche E-Bike Performance, Cellforce Group we Cetitec ýaly golçur kompaniýalarynyň ýapylýandygyny yglan etdi....

09.05.2026 10:32
5.2k+

Toyota Awstraliýada iň kuwwatly Land Cruiser 300-i satuwa çykardy

Toyota kompaniýasy Awstraliýada Land Cruiser 300-iň gibrid görnüşini resmi taýdan tanyşdyrdy. Carscoops neşiriniň habar bermegine görä, mundan ozal iň kuwwatly Land Cruiser diňe Gündogar Ýewropanyň käbir......