Atmosferada her gün 4 sany Starlink hemrasy ýanýar

  • 04.03.2025 11:19
  • 4.8k+

SpaceX kompaniýasy Starlink hemralaryny ulanyşdan aýyrmak işini çaltlaşdyrdy. Kompaniýa diňe fewral aýynyň 28 gününiň dowamynda, 111 sany emeli hemrany orbitadan düşürdi. Bu görkeziji ýanwar aýy bilen deňeşdirilende (97 hemra), takmynan, 15% köpdür.

Şeýlelikde, hemralaryň ýok ediliş tizligi günde 3,13-den 3,96-a ýokarlandy.
Esasan-da 2019-2021-nji ýyllarda uçurylan ilkinji nesil hemralar orbitadan çykarylýar. Fewralda ulanyşdan aýrylan 111 emeli hemranyň 95-si hut şu nesillere degişlidir.
Umuman alnanda, Starlink taslamasy başlany bäri, SpaceX kompaniýasy jemi 8039 emeli hemrany orbita ýerleşdirdi, şolaryň 957-sini bolsa ulanyşdan galdyrdy. 1-nji mart ýagdaýyna görä, häzirki wagtda orbitada 7082 sany hemra hereket edýär.


düýn 11:02
1.6k+

Hytaýly taýkonawtlar kosmos şertlerde ilkinji gezek lukmançylyk halas ediş tälimini geçirdiler

«Şençžou-23» missiýasynyň ekipažy Hytaýyň «Týangun» orbital stansiýasyna gelenden soň ilkinji gezek mikrodartyş şertlerinde lukmançylyk halas ediş tälimini geçirdi....

22.06.2026 22:53
6.6k+

DÇ-2026-nyň topy kosmosa-da baryp ýetdi

2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynyň resmi topy bolan Adidas Trionda Halkara kosmos stansiýasyna (HKS) iberildi....

21.06.2026 23:59
2.1k+

NASA «Relativity Space» kompaniýasy bilen Mars missiýasy boýunça şertnama baglaşdy

NASA «Relativity Space» hususy kompaniýasy bilen Marsyň atmosferasyny öwrenmek üçin «Aeolus» missiýasyny işläp düzmek we uçurmak boýunça şertnama baglaşdy. Taslama üstünlikli durmuşa geçirilse, ol hususy......

17.06.2026 17:42
6.4k+

«Mugt Buharda ýok»: Starlink mugt hyzmatlary ýatyryp, enjamlar üçin töleg almakçy

SpaceX kompaniýasy özüniň Starlink hemrasyndan internet hyzmatyna goşulmagyň düzgünlerini üýtgetdi. Operator hakykat ýüzünde ulanyjy terminalyny mugt bermek programmasyny ýapdy....