Kia miniwenler we furgonlar görnüşinde PV5 seriýaly elektrik ulaglaryny satuwa çykarýar

  • 04.03.2025 11:14
  • 3.2k+

Kia täjirçilik elektrik ulaglarynyň PV5 hataryny bildiriş etdi. E-GMP platformasynda gurlan täze önümler 2025-nji ýylyň ikinji ýarymynda içerki bazarda satuwa çykarylar we 2026-njy ýylda eksport edilip başlanar.

Ozal kompaniýa PV5-iň daşky görnüşini görkezipdi, indi bolsa salonyny we transformasiýa mümkinçiliklerini açdy.
Hatary 163 at güýjüni berýän we çekijiligi 250 Nm bolan, öň tarap elektrik hereketlendirijili miniwenler we furgonlar girer.
PV5 batareýanyň üç görnüşini: esasy 43,3 kWt/s batareýaly we 400 km-e çenli geçmäge ätiýaçlygy bolan 51,5 ýa-da 71,2 kWt/s batareýaly görnüşi alar. 10% -den 80% -e çenli zarýad bermek ýarym sagat wagt alar.

Daşky görnüşi Tasman kysymly awtoulagyň ruhunda ýasaldy. Satyn alyjylara ýolagçy modelleri - üç hatarly miniwen ýa-da uly ýükdanly iki hatarly görnüşi, şeýle hem göwrümi 5 kub metrden gowrak bolan ýük furgony hödürlener. Geljekde odinar kabinaly şassili we gowulandyrylan bezegli premium biznes-wersiýasy bolar.
Kuzowyň görnüşine baglylykda, dürli uzynlykdaky teker bazaly we dürli beýiklikdäki üçekli wariantlar göz öňünde tutulan, arka tarapynda bolsa iki ýana serpilip açylýan gapylar ýa-da galdyrylýan gabsa bolup biler. Süýşýän gapylar iki tarapynda hem göz öňünde tutulýar, kuzow üçin germew sargyt edip bolar. Öňdäki üç orunlyk diwan üçin goşmaça töleg töläp, hatda öňdäki sag oturgyjy aýyrdyp hem bolar.

PV5-iň interýeri minimalizmi we amatlylygy özünde sazlaşdyrýar. 7 we 12,9 dýuým ekranly multimediýany, gaýym bezegleri we zat saklamak üçin bir topar bölek ýerleri hödürleýär. Kia dürli wezipeler üçin ulanmaga laýyk gelýän amatly platformanyň çeýeligini nygtaýar.
Ýewropada miniweniň bahasy 30 müň ýewro bolar.
Bu hatar Kia-nyň hususy ulanmak üçin niýetlenen elektrik ulaglary strategiýasyna laýyk gelýär. Ondan öň kompaniýa 2026-njy ýylda brendiň iň arzan elektrik awtoulagyna öwrüljek EV4 maşgalasyny (sedan we hetçbek) we EV2 mikro krossoweri düşünjesini hödürledi.




01.06.2026 09:51
2.5k+

Kia-nyň dizaýnerleri täze ulaglary döretmek işinde Apple Vision Pro-ny ulanyp başlady

Kia awtomobil brendi özüniň dizaýn studiýalarynda Apple Vision Pro garniturasyny hemişelik iş guraly hökmünde ulanyp başlady. Bu bolsa ulaglary döretmek işini çaltlandyrmaga mümkinçilik berýär....

29.05.2026 23:38
3.4k+

Honda 15,7 milliard dollar zyýan çekendigine garamazdan, täze elektrik ulag platformasyny döreder

Honda kompaniýasy geljekki modeller üçin doly elektrik we gibrid awtoulaglaryň öndürilmegine mümkinçilik berjek täze arhitekturany işläp düzýär. Bu karar ABŞ-nyň bazaryndaky elektrik awtoulaglaryny ösdürmek......

28.05.2026 12:32
3.6k+

BMW iki millionynjy elektromobilini çykardy

BMW Group kompaniýasy özüniň iki millionynjy doly elektrikli awtoulagynyň önümçilikden çykandygyny yglan etdi. Eger-de kompaniýa birinji millionyny öndürmek üçin 11 ýyl sarp eden bolsa (2013-nji ýylda çykan......

27.05.2026 14:16
1.8k+

Ferrari ilkinji elektromobilini hödürleýär: täzelik kompaniýanyň aksiýalaryny aşak düşürdi

Italiýanyň meşhur awtomobil öndürijisi Ferrari özi üçin taryhy ädim ädip, Rim şäherinde ilkinji gezek doly elektrik togy bilen işleýän «Luce» atly täze modelini tanyşdyrdy. Bäş orunlyk bu üýtgeşik ulag......