COP16-a gatnaşyjy ýurtlar tebigaty goramak üçin 200 mlrd dollar bölüp berer

  • 04.03.2025 11:00
  • 2.1k+

Italiýanyň Rim şäherinde geçirilen BMG-niň Biodürlilik baradaky Konwensiýasynyň 16-njy mejlisinde (COP16) möhüm ylalaşyk gazanyldy. Mejlise gatnaşyjy döwletler tebigaty we biologik dürlüligi goramak maksady bilen, dünýä derejesindäki maksatlara ýetmek üçin, 2030-njy ýyla çenli, her ýyl azyndan 200 milliard dollar bölüp bermek boýunça ylalaşdylar.

«Associated Press» agentliginiň habaryna görä, bu möçber öň Monreal şäherindäki duşuşykda kabul edilen ylalaşyga laýyk gelýär. Meýilnama görä, ösüp barýan ýurtlaryň ekologik taslamalaryny maliýeleşdirmek üçin, 2025-nji ýylda 20 milliard dollar bölünip berler we bu mukdar 2030-njy ýyla çenli 30 milliard dollara ýetiriler.
Bu serişdeler BMG-niň Biodürlilik baradaky Ählumumy çarçuwaly maksatnamasyny durmuşa geçirmek üçin ulanylar. Maksatnamanyň esasy wezipesi – 2030-njy ýylyň ahyryna çenli, Ýeriň 30%-ni gorag astyna almak we zaýalanan ekoulgamlaryň 30%-ni dikeltmek. Maliýe serişdeleri dürli çeşmelerden – döwlet býujetlerinden, hususy maýa goýumlaryndan, haýyr-sahawat gaznalaryndan, halkara banklardan we innowasion maliýe gurallary arkaly ýygnalar.
Geçen hepde mejlise gatnaşyjylar «Kali gaznasyny» döretmek baradaky teklibi hem makulladylar. Bu gazna tebigy serişdelerden ykdysady peýda görýän pudaklaryň (mysal üçin, lukmançylyk we oba hojalygy) serişdeleriniň hasabyna, ekologik taslamalary maliýeleşdirmegiň täze ýollaryny işläp taýýarlamak bilen meşgullanar.


30.04.2026 17:05
2.6k+

Aşgabatda dördünji Duşenbe suw maslahatyna görülýän taýýarlyk boýunça brifing geçirildi

Türkmenistanyň paýtagtynda 2018 — 2028-nji ýyl­lar üçin “Suw dur­nuk­ly ösüş üçin” diýen halkara hereketleriň on­ýyl­ly­gynyň çäklerinde geçiriljek dördünji ýokary derejeli halkara maslahatyna taýýarlyk......

27.04.2026 02:06
4.2k+

Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky hemişelik wekili Guterrişe ynanç hatlaryny gowşurdy

20-nji aprelde Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň (BMG) ýanyndaky täze bellenen hemişelik wekili Wepa Hajyýew guramanyň Baş sekretary Antoniu Guterrişe ynanç hatlaryny gowşurdy. Bu barada......

24.04.2026 16:06
1.5k+

Türkmenistanyň BMG-niň Ösüş maksatnamasy bilen geljekki hyzmatdaşlygy maslahatlaşyldy

23-nji aprelde Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň (BMGÖM) Türkmenistandaky Hemişelik wekili Narine Saakýan bilen duşuşdy. Bu barada daşary syýasat......

23.04.2026 10:39
3.2k+

Serdar Berdimuhamedow Sebitleýin ekologiýa sammitinde anyk başlangyçlary öňe sürdi

2026-njy ýylyň 22-nji aprelinde Astana şäheriniň Kongresler merkezinde «Durnukly geljek boýunça umumy garaýyş» atly Sebitleýin ekologiýa sammitiniň (RES 2026) plenar mejlisi geçirildi. Sammitiň gün tertibine......