Türkmenistanda talyplaryň arasynda ýaş ykdysatçylaryň startap bäsleşigi geçirilýär

  • 04.03.2025 09:58
  • 2.2k+

2025-nji ýylyň 14-nji martynda Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda “Innowasiýa ykdysadyýeti: ýaş ykdysatçylaryň startap bäsleşigi” geçirilýär. Bäsleşigi Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş instituty guraýar.

Bäsleşigiň maksady - zehinli ýaşlary ýüze çykarmak hem-de olary innowasiýa taslamalaryna höweslendirmek. Şeýle hem bu bäsleşik Prezident Serdar Berdimuhamedowyň, türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň bu ugurda alyp barýan işlerini giňden dünýä ýaýmaga ýardam eder.
Bäsleşige gatnaşmaga isleg bildirýänler Düzgünnama laýyklykda taýýarlanan startap-taslamalaryny 2025-nji ýylyň 6-njy martyna çenli tdydi.startap@sanly.tm elektron poçta salgysyna ugratmaly.
Düzgünnama institutyň 
tsiem.edu.tm salgysynda ýerleşdirilen.


01.06.2026 17:06
2.9k+

Türkmen wekiliýeti «Täjigistan-2026» forumyna gatnaşdy

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň wekilleri hem-de orta hünär tehniki mekdepleriň talyplary Täjigistan Respublikasynyň Hatlon oblastynyň Dangarinsk raýonynda 27—30-njy maý aralygynda geçirilen......

30.05.2026 17:05
9.1k+

Türkmen talyby Amangeldi Murzaýew “GDA-nyň iň gowy talyby” boldy

Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrabynyň 53-nji orta mekdebiniň uçurymy, häzirki wagtda Gazagystanyň paýtagty Astanadaky Lew Nikolaýewiç Gumilýow adyndaky Ýewraziýa Milli uniwersitetiniň (ÝMU) 4-nji ýyl talyby......

25.05.2026 20:48
3.8k+

Aşgabatdaky sergide eMekdep ulgamynyň mümkinçilikleri tanyşdyryldy

Aşgabatda paýtagtyň 145 ýyllygyna bagyşlanyp, giň gerimde geçirilen «Ak şäherim Aşgabat — 2026» halkara sergisi binagärlik we şähergurluşyk ulgamynda gazanan üstünlikleri, bu ugurda alnyp barylýan geljegi uly......

21.05.2026 17:50
2.3k+

Türkmenistan we OpenAI bilim ulgamynda emeli aňy ornaşdyrmak barada maslahatlaşdy

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň wekilleri Londonda geçirilen «Education World Forum 2026» Bütindünýä bilim forumynyň çäginde OpenAI kompaniýasynyň wekilleri bilen iş duşuşygyny geçirdi. Taraplar bilim......