Londonda 312 müň ýewrodan awtoduralga ýeri satylýar

  • 03.03.2025 15:37
  • 10k+

Londonyň abraýly sebitinde 300 müň funt baha (takmynan, 312 müň ýewro) awtoduralga ýeri satylýar. Onuň bahasy Beýik Britaniýadaky ortaça jaýyň bahasyndan 40 müň funt gymmat. Bu mukdara täze “Ferrari” awtomobilini ýa-da üç kilogramdan gowrak altyn satyn alyp bolýar.

Gaýd-parkyň golaýynda ýerleşýän awtoduralganyň uzynlygy bäş metre we ini 2,3 metre barabar. Betonyň bir inedördül metriniň bahasy – 26 087 ýewro. Duralga bilen birlikde iki sütün, zynjyr we asfaltdaky bellik berilýär.
Baha haýran galdyryjy bolsa-da, şertnama “amatly” hasaplanýar. Çünki, Londonyň bu sebitinde ýaşaýyş jaýynyň ortaça bahasy 9,3 mln ýewro barabar. Awtoduralgadan 14,8 mln dollara satylýan üç otagly öýe pyýadalap barmak bolýar.
Alyjy awtoduralgany uzak möhletli kärende şertnamasy bilen 79 ýyllyk alyp biler. Şeýle-de bolsa, bu Londonda iň gymmat awtoduralga ýeri däl – Daily Mail neşiriniň maglumatlaryna görä, Çelsi sebitinde 495 000 funt baha bilen ýerasty garažda ýer satuwa çykaryldy.


11.05.2026 15:25
1.4k+

«Ýetginjeklik döwri» mini-serialy BAFTA TV 2026 baýragynyň 4-üsini aldy

Londonda «Emmi» baýragynyň Britaniýadaky meňzeşi bolan BAFTA TV Awards baýragynyň gowşurylyş dabarasy geçirildi. Agşamyň esasy baýrak eýesi «Ýetginjeklik döwri» mini-serialy boldy – bu serial birbada dört sany......

10.05.2026 20:34
6.5k+

Beýik Britaniýada aldap gurçuk çykarmak boýunça festiwal geçirildi

Angliýanyň günogartyndaky Blekaton obasynda her ýyl geçirilýän Halkara «gurçuk çagyryjylaryň» festiwaly boldy. Gatnaşyjylar çäkli wagtyň içinde ýeri gazmazdan, iň köp mukdardaky gurçugy ýeriň üstüne çykarmak......

29.04.2026 13:40
926

Britaniýanyň Teýt galereýasynda 1990-njy ýyllaryň sungaty we modasy barada giň gerimli sergi açylar

Britaniýanyň Teýt galareýasy  1990-njy ýyllaryň medeni dünýäsine bagyşlanan “The 90s: Art and Fashion” atly serginiň geçirilýändigini bildiriş etdi. 2026-njy ýylyň 8-nji oktýabryndan 2027-nji ýylyň 14-nji......

29.04.2026 12:09
2.9k+

Isleg barka, çäk ýok: Riçard Waýthed protez bilen marafonda dünýä rekordyny döwdi

Britaniýaly türgen we iki gezek paralimpiýa çempiony Riçard Waýthed iki aýagy hem amputirlenen türgenleriň arasynda marafonda täze dünýä rekordyny goýdy. London marafonynda ol aralygy 2 sagat 40 minut 25......