19 ýaşly Wepaly Halynyýazow küşt boýunça Türkmenistanyň çempiony boldy

  • 03.03.2025 15:16
  • 5.4k+

19 ýaşly sport ussady, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň 2-nji ýyl talyby Wepaly Halynyýazow (FIDE – 2115) ilkinji gezek Türkmenistanyň küşt boýunça çempiony boldy. Ol ýokary liganyň açyk kategoriýasynda mümkin bolan 11 utukdan 7,5 utuk toplady.

Bäsleşik aýlaw ulgamy boýunça geçirilip, oňa jemi 12 oýunçy gatnaşdy.
Halynyýazow küşt bilen Türkmenabat şäheriniň 13-nji sport mekdebinde tälimçi Güljahan Öwlýakulyýewanyň ýolbaşçylygynda meşgullanyp başlady. Soňra Aýnur Isaýewanyň ýolbaşçylygynda Aşgabatdaky ýöriteleşdirilen küşt-şaşka mekdebinde okuwyny dowam etdirdi. Geçen ýyl bolsa, ol dünýäniň Budapeşt şäherinde geçirilen Bütindünýä küşt olimpiadasynda Türkmenistanyň erkekler ýygyndysynyň düzüminde kiçi altyn medal gazandy. Şol ýaryşda türkmen ýygyndysy umumy hasapda 188 toparyň arasynda 24-nji orny eýeledi.

Ozal, erkekler kategoriýasy hökmünde tanalýan, açyk kategoriýada şu ýyl ýeke-täk gyz çykyş etdi. Ol Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň 19 ýaşly talyby Läle Şöhradowa (reýtingi – 2025). Ol Mary şäherinde geçirilen birinji liganyň açyk kategoriýasynda ýeňiji bolup, ýokary ligada çykyş etmäge hukuk gazandy. Ýaryşda Läle Şöhradowa finala çenli baryp, ol ýerde halypasy – Türkmenistanyň zenanlar ýygyndysynyň baş tälimçisi Şahruh Turaýewden ýeňildi. Netijede L.Şöhradowa ikinji orny eýeledi.
Ýeňijiler halkara ýaryşlarynda, şol sanda Gazagystan we Birleşen Arap Emirliklerinde geçiriljek bäsleşiklerde Türkmenistanyň adyndan çykyş ederler. Şeýle-de, milli ýygyndynyň düzümine grossmeýsterler Meýlis Annaberdiýew (2449) we Saparmyrat Atabaýew (2516) girýär



22.06.2026 17:52
5.2k+

Ulan-Batordaky ýaryş jemlendi: dzýudoçy Maýsa Pardaýewa bürünç medal gazandy

Türkmen dzýudoçysy Maýsa Pardaýewa 2028-nji ýylda Los-Anjelesde geçiriljek Olimpiýa oýunlaryna saýlama tapgyrynyň ilkinji tapgyry bolan Ulan-Batordaky «Uly tuwulga» ýaryşynda 57 kg çenli agram derejesinde......

18.06.2026 14:40
4.5k+

Los-Anjeles — 2028-e tarap ýoluň başlangyjy: 16 türkmen dzýudoçysy Ulan-Batora ugrady

19—21-nji iýun aralygynda Ulan-Bator (Mongoliýa) şäherinde dzýudo boýunça abraýly «Uly tuwulga» ýaryşy geçiriler. Halkara dzýudo federasiýasynyň (IJF) resmi saýtynda habar berlişi ýaly, ýaryşlara dünýäniň 58......

17.06.2026 13:03
17k+

Arslanmyrat Amanow: «Dünýä çempionatynda Özbegistanyň milli ýygyndysyna we dostlaryma janköýerlik ederin»

Sebitiň iň tanymal we zehinli futbolçylarynyň biri, Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň öňki kapitany Arslanmyrat Amanow 2026-njy ýyldaky dünýä çempionaty baradaky pikirlerini paýlaşdy. Häzirki wagtda «Arkadag»......

11.06.2026 08:03
3.5k+

Türkmen karateçileri Manilada geçirilen ýaryşda altyn we bürünç medallary gazandy

Filippinleriň paýtagty Manila şäherinde geçirilen «Karate-1 Ýaşlar ligasy» (Karate 1-Youth League) dünýä tapgyrynyň ýaryşynda türkmen türgenleri üstünlikli çykyş edip, altyn we bürünç medallary gazandy....