Instagram "Reels" bölümini aýratyn goşundy etmek isleýär

  • 03.03.2025 14:45
  • 1.7k+

Instagram TikTok bilen bäsdeşlik etmek üçin Reels-i aýratyn goşundy etmek barada pikirlenýär. Bu barada The Information habar berýär.

Sosial ulgamyň ýolbaşçylary gysga wideolar üçin özbaşdak goşundyny işe girizmegi göz öňünde tutýar.
Insaýderlere salgylanyp, The Information neşiriniň ýazmagyna görä, kompaniýanyň ýolbaşçysy Adam Mosseri bu meýilnama barada eýýäm işgärlere aýtdy.
Bu pikir Meta üçin täze däl. Ýanwar aýynda kompaniýa wideolary redaktirlemek üçin Edits goşundysyny hödürledi we ol ByteDance kompaniýasynyň CapCut goşundysyna bäsdeş ýaly boldy. Indi bolsa Instagram gysga wideolaryň bazarynda ornuny berkitmek üçin Reels-e bil baglaýar. Kompaniýanyň özi bu barada entek resmi teswir bermedi.
Eger taslama durmuşa geçirilse, bu amerikan kompaniýasynyň Hytaýyň ByteDance kompaniýasy bilen göreşinde nobatdaky ädimi bolar. 


26.05.2026 15:58
2.1k+

Ýewropada TikTok we X bilen bäsleşjek botsuz we galp hasapsyz täze sosial ulgamlar işe girizilýär

Ýewropada täze sosial ulgamlar peýda bolup, özlerini TikTok-a, X-e we Instagram-a alternatiwa hökmünde görkezýärler. Taslamalary işläp düzüjiler maglumatlary goramaga, botlara garşy göreşmäge hem-de amerikan......

17.05.2026 23:27
3.1k+

TikTok-da görüp oturan wideolaryňdan myhmanhanalary we syýahatlary göni bronlamak hyzmaty peýda boldy

TikTok kompaniýasy myhmanhanalary, gözel ýerleri we güýmenje ýerleri gözlemek hem-de bronlamak funksiýalaryny göni ykjam goşundynyň içine birleşdirýän TikTok GO hyzmatynyň resmi taýdan işe girizilendigini......

13.05.2026 20:01
4.4k+

TikTok ABŞ-da çagalaryň maglumatlary boýunça gozgalan dawany çözmek üçin 400 million dollar tölär

ABŞ-nyň hökümeti we TikTok sosial ulgamynyň ýolbaşçylygy kämillik ýaşyna ýetmedik ulanyjylaryň gizlinliginiň bozulmagy bilen bagly giň gerimli derňew işi boýunça ylalaşyk baglaşmaga golaýlaşýarlar. Tölenjek......

09.05.2026 00:32
11k+

Ronaldu we Messi Instagram-da millionlarça agzasyny ýitirdi

Meta kompaniýasy tarapyndan görlen berk çäreler Kriştianu Ronaldu, Lionel Messi we Kilian Mbappe ýaly futbol ýyldyzlarynyň sosial ulgamlarda esli agzasyny ýitirmegine getirdi....