SpaceX kosmosa näbelli ýapon aýdymçysy Adonyň aýdymyny iberdi

  • 03.03.2025 11:54
  • 1.4k+

SpaceX ýapon aýdymçysy Adonyň ses ýazgylaryny orbita çykardy. Ýazgylar soňra Aýa baryp biler diýip, Variety habar berýär.

Falcon 9 raketasynyň uçurylmagy Artemis maksatnamasynyň çäklerinde britaniýaly, ýaponiýaly we ABŞ-ly döredijilik toparlarynyň halkara taslamasynyň bir bölegidir. Maksat - sungaty kosmos gurşawyna çykarmak. Ýöne Ýeriň daşynda ony eşitjegiň tapyljagy gümana - ses tolkunlary kosmos boşlugynda ýaýrap bilmeýär, şonuň üçin aksiýa diňe simwoliki häsiýete eýedir.
Aýdymçy Ado hakda ýerli ilatyň özi hem köp zat bilenok. Onuň hakyky ady we doglan ýeri aýan edilmeýär. Üstesine, ol ýüzüni gizleýär we diňe sanly görnüşde çykyş edýär. Aýdymçy 2020-nji ýylda Usseewa-nyň ýörgünli bolan aýdymy çykandan soň meşhur boldy. Soňra bolsa ol One Piece Film: Red animesi üçin New Genesis atly esasy  aýdymyny ýerine ýetirdi. Onuň YouTube-da 7,8 million abunaçysy bar, 4 milliard gezek diňlendi we 30 ýurda 33 halkara syýahaty bar. Indi ol sesi Aýdan ýaýlyma beriljek ilkinji adam bolup biler.
Ýeri gelende aýtsak, 27-nji fewralda Jeff Bezosyň Blue Origin aerokosmiki kompaniýasy zenanlardan ybarat syýahatçy toparyň orbita iberiljekdigini bildiriş edipdi. Ekipažyň düzüminde aýdymçy Keti Perri we Bezosyň aýaly Loren Sançes bar. Ony ýazda uçurmak meýilleşdirilýär.


22.06.2026 23:12
3.8k+

Ýapon hünärmenleri bäbekleri uklatmak üçin ýörite saz döretdi

Kazyýet subutnamalary üçin sesleri seljermäge ýöriteleşen Ýaponiýanyň «Tiba audiokommunikasiýalar barlaghanasy» täjirçilik däl guramasy bäbekleri uklatmak üçin niýetlenen sazy döretdi. Bu saz ýazgysy X sosial......

22.06.2026 22:53
5.8k+

DÇ-2026-nyň topy kosmosa-da baryp ýetdi

2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynyň resmi topy bolan Adidas Trionda Halkara kosmos stansiýasyna (HKS) iberildi....

21.06.2026 23:59
2k+

NASA «Relativity Space» kompaniýasy bilen Mars missiýasy boýunça şertnama baglaşdy

NASA «Relativity Space» hususy kompaniýasy bilen Marsyň atmosferasyny öwrenmek üçin «Aeolus» missiýasyny işläp düzmek we uçurmak boýunça şertnama baglaşdy. Taslama üstünlikli durmuşa geçirilse, ol hususy......

18.06.2026 22:13
5.4k+

Ýaponiýada doňdurma öndürijileriniň özara dildüwşügi derňelýär

Ýaponiýanyň Adalatly we dogruçyl söwda boýunça komissiýasy alty sany uly doňdurma öndürijisiniň bahalary emeli ýollar bilen düzgünleşdirmeginde şübhelenip, derňew işlerine başlady....