Ýaponiýa soňky 125 ýylda iň pes çaga dogluş derejesi bilen ýüzbe-ýüz boldy

  • 03.03.2025 09:53
  • 9.5k+

2024-nji ýylda Ýaponiýada çaga dogluşy rekord derejä çenli peselip, bary-ýogy 721 müň adam boldy. Bu 1899-njy ýylda degişli statistika ýazylyp başlanaly bäri iň pes görkezijidir.

Maglumatlar Ýaponiýanyň Saglygy goraýyş, zähmet we abadançylyk ministrligi tarapyndan hödürlendi, ýöne olar deslapky hasaplanýar. Has takyk maglumat iýun aýynda belli bolar diýip, “Maýniti” gazeti belleýär.
Çaga dogluş derejesiniň peselmegi 2023-nji ýyl bilen deňeşdirilende 5% boldy – şol wagt Ýaponiýada 758,6 müň çaga doguldy. Alymlaryň çaklamalaryna görä, çaga dogluş derejesi diňe 2039-njy ýyla çenli 720 müňe çenli peselmelidi, ýöne ol 15 ýyl öňe süýşüp, eýýäm 2024-nji ýylda hakykata öwrüldi.
Mundan başga-da, 2024-nji ýylda ilatyň tebigy azalmagy (doglanlar bilen ölenleriň sanynyň arasyndaky tapawut) 897,7 müň adam boldy, bu hem rekord görkeziji hasaplanýar.


12.06.2026 10:04
6k+

Kyodo: Ýaponiýada puluň hümmetsizlenmegi güýçlendi. Lomaý bahalar üç ýylyň iň ýokary derejesine ýetdi

ABŞ-ndan, Hytaýdan we Germaniýadan soň nominallaýyn Jemi içerki önüm (JIÖ) boýunça dünýäde dördünji orny eýeleýän Ýaponiýa ykdysady basyşyň güýçlenmegi bilen ýüzbe-ýüz boldy. Kyodo habarlar gullugynyň......

11.06.2026 07:42
2.1k+

Türkmenistanyň DIM-inde Finlýandiýanyň we Ýaponiýanyň ilçileri bilen duşuşyklar geçirildi

10-njy iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň gatnaşmagynda daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary bilen ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi.......

09.06.2026 15:08
2.4k+

Ýaponiýada bitkoin-ETF-leriň işe girizilmegi 19,3 milliard dollara çenli maýany çekip biler

Seljerijiler Ýaponiýany spot görnüşli bitkoin-ETF-leri işe girizmek ähtimallygy iň ýokary bolan ýurtlaryň biri hasaplaýarlar. XWIN Japan kompaniýasynyň çaklamalaryna görä, şeýle gaznalar öz işiniň ilkinji......

28.05.2026 12:23
2k+

Kanada maýa goýum özüne çekijiliginiň reýtinginde Hytaýdan öňe geçdi

Kanada we Ýaponiýa «Kearney FDI Confidence Index 2026» maýadarlaryň ynam reýtinginde öz ornuny berkitdi, Hytaý bolsa on ýylyň içinde ikinji orundan dördünji orna düşdi....