“Minecraft kinoda” filminiň soňky treýleri hödürlendi

  • 03.03.2025 06:42
  • 3.5k+

Warner Bros. kinokompaniýasy “Minecraft kinoda” filminiň ahyrky treýlerini hödürledi.

Geljekki filmiň wakalary biziň günlerimizde ýaýbaňlanar. Sýužete görä, dört sany personaž syrly bir portal arkaly täsin kub dünýäsine düşýär. Indi olar öz ýolunda duran elhenç jandarlar bilen göreşip, öýe dolanmaga synanyşmaly.
Filmde baş kepleri Emma Maýers (“Uensdeý”), Daniel Bruks, Jek Blek we Jeýson Momoa (“Forsaž”) ýerine ýetirýär. Belli oýnuň ekranlaşdyrylmasynyň režissýory hökmünde Jared Hess (“Ýerde iň soňky adam”) çykyş etdi.
Ýatlap geçsek, ilkinji tizer muşdaklar tarapyndan oňyn garşylanmandy, ýöne soňky treýlere seslenme gowy boldy: iki sagatda diýen ýaly film 59 müň laýk we 6,7 müň dizlaýk aldy. Käbir tomaşaçylar filmiň  daşky görnüşini halamady, ýöne käbirleri eýýäm munuň bilen ylalaşdy.

“Sözüň iň gowy manysynda elhenç görünýär” – diýip, ulanyjylaryň biri belleýär.

“Minecraft kinoda” filminiň global premýerasy 2-nji aprelde, amerikan premýerasy 4-nji aprelde bolar.


21.06.2026 10:41
1.7k+

«Oýnawaçlaryň hekaýaty-5» premýeradan öňki kassa ýygymlary boýunça ýylyň rekordyny goýdy

«Oýnawaçlaryň hekaýaty-5» animasiýa filmi premýeradan öňki görkezilişlerde kassa ýygymlary boýunça 2026-njy ýylyň iň gowy netijesini görkezdi. Bu animasion taslama 17,5 million dollar gazandy diýip, «Variety»......

19.06.2026 20:14
4.5k+

Baş keşpde Hýu Jekman bilen «Robin Guduň ölümi» filminiň dünýä premýerasy boldy

Şu gün bütin dünýäde Hýu Jekmanyň baş keşbi ýerine ýetirmeginde «Robin Guduň ölümi» (The Death of Robin Hood) filminiň prokaty başlandy....

19.06.2026 11:08
2.9k+

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» taryhda iň çykdajyly film diýlip ykrar edildi

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» (Мир Юрского периода: Господство) filmi taryhda iň gymmat düşen kino taslamasy diýlip yglan edildi. «Fortune» neşiriniň maglumatlaryna görä, Universal Pictures......

18.06.2026 09:56
2.6k+

«Maşa we Aýynyň» üç aýy baradaky spin-offy peýda bolar

«Animakkord» studiýasy «Maşa we üç aýy» atly täze multserialy tanyşdyrdy. Ol «Maşa we Aýy» taslamasynyň spin-offy bolar diýip, «The Hollywood Reporter» habar berýär....