Samsung Galaxy A56, A36 we A26 smartfonlaryny tanyşdyrdy

  • 03.03.2025 06:28
  • 7.2k+

Samsung kompaniýasy Galaxy A hatarynyň üç täze modelini – A56 5G, A36 5G we A26 5G-ni tanyşdyrdy. Tiz wagtdan satuwa çykjak orta synp smartfonlar häzirki zaman tehnologiýalaryny arzan bahadan hödürlär.

Galaxy A56 we A36 modelleri 6,7 dýuýmlyk Super AMOLED displeý (Full HD+, 1200 kd/m²), ekranyň astyndaky barmak yzy skaneri we 12 MP selfi-kamera bilen enjamlaşdyrylan. Esasy kamera üç moduldan ybarat: 50 MP (f/1.8) optiki stabilizasiýa bilen, giň burçly kamerasynyň çözgüdi A56 üçin 12 MP, A36 üçin 8 MP, şeýle-de 5 MP makro kamera bar.
Galaxy A26 modeli hem 6,7 dýuýmlyk Super AMOLED displeý (120 Gs), 13 MP selfi-kamera we üç modully kamera ulgamy (50 MP + 8 MP + 2 MP) bilen enjamlaşdyrylan.

A56 modeli Exynos 1580 (4 nm) prosessory, A36 Snapdragon 6 Gen 3, A26 bolsa Exynos 1380 prosessory bilen işleýär. Içerki ýat wariantlary: 6/128 GB ýa-da 8/256 GB. A56 we A36 modellerinde SD karta üçin slot (boş ýer) ýok, emma Galaxy A26 2 TB-a çenli microSD kartlaryny goldaýar.
Ähli modeller 5000 mA·sag sygymly batareýa bilen enjamlaşdyrylan. A56 we A36 modelleri 45 Wt, A26 bolsa 25 Wt çal zarýad alşy goldaýar. Enjamlaryň hemmesi IP67 standartyna laýyklykda, suwa we tozana garşy goragly.
Täze smartfonlara akylly EA-funksiýalary girizildi: suratlary gowulandyrmak, gereksiz obýektleri aýyrmak we Google-yň «Circle to Search» funksiýasy – bu funksiýa suratdaky element boýunça gözleg geçirmäge mümkinçilik berýär. Şeýle hem enjamlara 6 ýyl programma üpjünçilik täzelenmeleri wada berilýär.
Enjamlaryň Ýewropadaky bahalary:

  • Galaxy A26: €299 (6/128 GB), €369 (8/256 GB)
  • Galaxy A36: €379 (6/128 GB), €449 (8/256 GB)
  • Galaxy A56: €479 (6/128 GB), €529 (8/256 GB)


24.02.2026 09:33
1.4k+

Samsung Galaxy S26 smartfonlaryna Perplexity emeli aň agentini goşar

Samsung geljekki Galaxy S26 smartfonlar hatarynda Galaxy AI ulgamynyň mümkinçiliklerini giňeldýär. Platformanyň täzelenen görnüşine Perplexity emeli aň (EA) agenti goşular. Öndüriji bu barada Galaxy Unpacked tanyşdyrylyşyndan birnäçe gün öň habar berdi...

21.02.2026 10:19
2.7k+

Samsung alty aýlyk arakesmeden soň Galaxy S25 we beýleki modellerde Google Play-i täzeledi

Samsung Galaxy enjamlarynyň ulanyjylary 2026-njy ýylyň 1-nji ýanwaryndan başlap, Google Play ulgamynyň täze täzelenmelerini alyp başladylar. Bu täzelenme köp sanly enjamlar, şol sanda flagman Galaxy S25 modeli üçin 2025-nji ýylyň iýulyndan bäri ilkinji wajyp düzediş boldy...

12.02.2026 17:41
5.7k+

Galaxy S26: Haçan çykýar we Samsung-yň täze flagmanlary barada nämeler belli?

​Samsung Hindistanda täze Galaxy S26 seriýasynyň smartfonlary üçin öňünden sargytlary kabul edip başlady. Maksatnama 24-nji fewrala çenli dowam eder, resmi tanyşdyrylyş dabarasy bolsa 25-nji fewralda San-Fransiskoda (Kaliforniýa, ABŞ) geçiriljek Galaxy Unpacked çäresiniň çäklerinde bolar...

12.02.2026 11:38
6k+

Apple-yň yzyna eýerip, Samsung hem Galaxy S27-niň korpusyny we kamerasyny üýtgedýär

Samsung kompaniýasynyň häzirki strategiýasy köplenç Apple-yň ädimlerine esaslanýar. Meşhur insaýder Ice Universe-iň habar bermegine görä, Apple-yň girizýän islendik täzeçilligi derrew Günorta Koreýanyň tehnologiýa ägirdiniň meýilnamalaryna täsir edýär...