«Açlyk oýunlary» sahnada görkeziler

  • 02.03.2025 17:39
  • 3.3k+

2025-nji ýylyň 20-nji oktýabrynda Londonyň «Troubadour Canary Wharf» teatrynda «Açlyk oýunlary: Sahnada» atly sahna oýnunyň premýerasy bolar. Sahna oýny Sýuzen Kollinziň meşhur trilogiýasynyň ilkinji romany we filmi esasynda, Konor Makferson tarapyndan sahna üçin ýörite uýgunlaşdyryldy. Sahna oýnunyň režissýory hökmünde Metýu Danster çykyş eder diýip, «Deadline» neşiri habar berýär.

Premýera Londonyň maliýe sebitinde ýerleşýän 1200 tomaşaçy üçin niýetlenen täze teatrda geçiriler. Sahna oýnuny Runaway Entertainment kompaniýasy Lionsgate bilen hyzmatdaşlykda gurnaýar. Onuň prodýuserleri Oliwer Roýds, Tristan Beýker we Çarli Parsons.

«Men diýseň begenýän, sebäbi „Açlyk oýunlary“ Konor Makferson ýaly zehinli dramaturgyň we tejribeli režissýor Metýu Dansteriň elinde» — diýip, eserleriň awtory Sýuzan Kollinz dramaturg bilen režissýoryň saýlanmagy bilen kanagatlanýandygyny aýtdy.

Bu sahna oýny Kollinziň täze romany esasynda taýýarlanylýan, «Açlyk oýunlarynyň» täze prikweliniň çykyşyna gabat getiriler. Täze roman 2025-nji ýylyň mart aýynda çap ediler, filmiň premýerasy bolsa 2026-njy ýylyň noýabr aýyna meýilleşdirilýär.
«Açlyk oýunlary» franşizasy bütin dünýäde 100 milliondan gowrak nusgada kitap satdy we 52 dile terjime edildi. Franşizanyň filmleri bolsa dünýä boýunça 3,4 milliard dollardan gowrak girdeji gazandy.


düýn 09:56
2k+

«Maşa we Aýynyň» üç aýy baradaky spin-offy peýda bolar

«Animakkord» studiýasy «Maşa we üç aýy» atly täze multserialy tanyşdyrdy. Ol «Maşa we Aýy» taslamasynyň spin-offy bolar diýip, «The Hollywood Reporter» habar berýär....

düýn 09:53
1.6k+

«Magtymguly Pyragy» filmi Mariý Eldäki kinofestiwalda görkeziler

Mariý El Respublikasynyň paýtagty Ýoşkar-Ola şäherinde birinji Mariý halkara etnik kinofestiwaly geçirilýär. Bu festiwal Russiýanyň, GDA ýurtlarynyň, Aziýanyň we Ýewropanyň kino pudagynyň wekillerini bir ýere......

17.06.2026 11:26
2.3k+

"Melgun Prada geýýär" milliard dollarlyk film franşizasyna öwrüldi

"Melgun Prada geýýär" filminiň dünýä boýunça umumy kassa girdejisi 1 milliard dollardan geçdi. Bu barada Variety žurnaly ýazýar....

17.06.2026 11:13
4.6k+

Müňlerçe ýyl iş bolan ýedi meseläniň birini çözen matematik barada film düşürildi

Internetde ýakyn wagtda tomaşaçylara ýetiriljek «Witrindäki nusga» («Витринный экземпляр») atly çeper filmiň ilkinji treýleri peýda boldy. Bu ekran eseri dünýä belli rus matematigi Grigoriý Perelman barada......