Alymlar 1-nji derejeli süýjüli diabete garşy göreşde öňegidişlik gazandylar

  • 02.03.2025 12:01
  • 8.8k+

ABŞ-nyň Weill Cornell Medicine ylmy-barlag hassahanasynyň alymlary 1-nji derejeli süýjüli diabeti (süýji keseli) bejermek üçin täze usuly synagdan geçirdiler. Bu usul – insulin gormonyny öndürýän öýjükleriň göçürilip oturdylmagyny we damarlary emele getirýän emeli öýjükleriň ulanylmagyny öz içine alýar. Bu barada geçirilen barlaglaryň netijeleri «Science Advances» ylmy žurnalynda çap edildi.

Süýjüli diabet (süýji kesel) – aşgazanasty mäziň işläp çykarýan insulin gormonynyň ýetmezçiligi netijesinde döreýän dowamly keseldir. 1-nji derejeli süýjüli diabetde beden ýeterlik derejede insulin gormonyny bölüp çykaryp bilmeýär, netijede, gündelik insulin alynmaly bolýar. Bu keseliň häzirlikçe doly bejergisi ýok, şeýle-de bolsa alymlar muňa çözgüt tapmaga çalyşýarlar.
Öň hem alymlar insulin gormonyny öndürýän öýjükleri göçürip oturdypdylar, emma olar üçin zerur bolan gan damarlaryny döretmek başartmandy. Täze usulda alymlar bu öýjükleri, emeli damarlary döredýän öýjükler bilen bilelikde syçanlara ornaşdyrdylar. Netijede, süýjüli diabet yzyna tesdi we gandaky şekeriň mukdary kadalaşdy.
Adatça, bu öýjükler adamlaryň bagryna inçe iňňeler arkaly ýerleşdirilýär. Bu prosesden soň, täze damarlaryň emele gelmegi birnäçe hepdä çekýär we şol bir wagtyň özünde birnäçe öýjük ölýär. Munuň öňüni almak üçin, alymlar has amatly usuly – «öýjükleri deriniň astyna ýerleşdirmek» çözgüdini tapdylar.
Alymlar ýörite programmirlenen öýjükleri (R-VEC) döretdiler. Bu öýjükler gany geçirmegi başarýan ownuk damarlary emele getirýär. Insulin gormonyny öndürýän öýjükler R-VEC bilen birleşdirilende, olar täze dörän damarlaryň toruna üstünlikli ornaşýar we insulin bölüp çykarýar.
Syçanlar bilen geçirilen synaglarda, täze usul bilen oturdylan öýjükler gandaky şekeri 20 hepde kadaly saklamaga kömek etdi. Adaty usul bilen oturdylanda bolsa, bölünip çykan insuliniň derejesi pes boldy.
Häzirki wagtda alymlar täze usulyň adamlarda ýüze çykaryp biljek täsirlerini öwrenmek üçin synaglara dowam edýärler.


düýn 17:46
1.7k+

Beýik Britaniýada düwnük çişlerini ýok edýän sanjym synagdan geçirildi

Beýik Britaniýada «Amiwantamab» derman serişdesiniň kliniki barlaglary tamamlandy. Synaglaryň dowamynda kelläniň we boýnuň düwnük keseliniň agyr görnüşlerinden ejir çekýän hassalaryň käbirinde çişleriň ep-esli......

düýn 15:54
2.9k+

Hytaý dünýäde ilkinji bolup beýni implantynyň täjirçilik maksatly ulanylmagyna rugsat berdi

Hytaý dünýäde inwaziw «beýni–kompýuter» interfeýsiniň (Brain-Computer Interface, BCI) täjirçilik maksatly ulanylmagyny resmi taýdan tassyklan ilkinji ýurt boldy....

04.06.2026 07:25
4.8k+

Ýewropanyň saglygy goraýyş işgärleriniň tas üçden birinde düwnüge uçramak töwekgelçiligi bar

Ýewropanyň zähmet wezipelerinde howpsuzlyk we saglygy goramak baradaky agentliginiň (EU-OSHA) geçiren barlagy, Ýewropadaky lukmançylyk we durmuş üpjünçiligi pudagynyň işgärleriniň 29,5 göteriminiň iş......

03.06.2026 23:34
5k+

Parižiň golaýyndaky psihiatriýa hassahanasy näsaglary eşek terapiýasy arkaly bejerýär

Parižiň gündogaryndaky Wil-Ewrar hassahana toplumynda Fransiýada ýeke-täk eşek terapiýasy bölümi hereket edýär. Depressiýa, howsala, autizm, şizofreniýa we başga-da dürli keselli näsaglar bilen işleýän bu......