Arzan iPhone 16E smartfonynyň dünýä boýunça satuwy başlandy

  • 02.03.2025 11:38
  • 8.2k+

28-nji fewralda ozal SE brendi bilen çykan Apple-iň täze nesil elýeterli smartfonynyň – iPhone 16E-niň satuwy başlandy.

Smartfon dünýäniň köp ýurtlarynda 599 dollar başlangyç baha bilen satylýar. Model iki – gara we ak reňklerde hödürlenýär.
iPhone 16E täzelenme ýygylygy 60 Gs bolan 6,1 dýuýmlyk OLED displeýine eýe boldy. Smartfon 8 GB operatiw we 128/256/512 GB içki ýat bilen A18 Bionic prosessorynyň esasynda işleýär. Onuň USB-C porty we Action Button düwmesi bar. Smartfonyň batareýasynyň göwrümi 3961 mA/sag bolup, Wi-Fi birikmesi arkaly 13 sagat töweregi işleýär. Gajet 48 MP bir esasy kamera eýe boldy.
Smartfonyň anonsy üçin kompaniýa iPhone 16E-ni elinde saklaýan personažy görkezýän gysga mahabat wideosyny hem çykardy. Sosial ulgamlara we çalt mahabat kampaniýalaryna gönükdirilen bu wideo täze smartfonyň esasy aýratynlyklaryny görkezýär.
Mahabat smartfonyň dizaýnyna, aýratynam, Face ID goldawy we bir linzaly yzky kamerasy bolan çarçuwasyz ekranyna ünsi çekýär. Wideoda Selena Gomes bilen Benni Blankonyň “Talk” aýdymy ulanylýar.


07.05.2026 21:13
2.9k+

Apple “akylly” Siri-ni gijikdirendigi üçin iPhone 16 we iPhone 15 Pro-nyň eýelerine 250 million dollar tölär

Apple kompaniýasy Siri ses kömekçisiniň emeli aň (AI) funksiýalary bilen enjamlaşdyrylan täze görnüşiniň gijikdirilmegi zerarly ABŞ-da gozgalan köpçülikleýin kazyýet işini ýatyrmak üçin 250 million dollar......

11.04.2026 14:59
8k+

Dünýäde iň geçginli smartfonlaryň 10-lugyna birbada 5 sany iPhone girdi

2025-nji ýylyň dördünji çärýeginde dünýäde iň köp satylan 10 modeliň arasynda iPhone smartfonlary bäş orny eýeledi. Muňa Counterpoint Research kompaniýasynyň maglumatlary şaýatlyk edýär....

13.03.2026 16:33
3.2k+

Tim Kuk Apple ulanyjylaryna ýüzlendi: «Elli ýyl ozal kiçijik bir garažda uly pikir dünýä indi…»

2026-njy ýylyň 1-nji aprelinde Apple kompaniýasynyň döredilenine 50 ýyl dolýar we kompaniýa bu sene mynasybetli birnäçe çäreleri hem-de uly tanyşdyryşlary taýýarlaýar. Apple-iň baş direktory Tim Kuk bu möhüm senäniň gelerine garaşyp durman, kompaniýanyň saýtynda Apple-iň enjamlaryndan we hyzmatlaryndan peýdalanýanlaryň ählisine gönükdirilen açyk haty çap etdi...

09.03.2026 19:31
1.2k+

Apple Music EA tarapyndan döredilen aýdym-saza bellik girizmäge başlar

Apple Music hyzmaty emeli aň arkaly döredilen kontente bellik goýmaga başlar. Bu barada NME neşiri habar berýär. Täze düzgünlere görä, distribýutorlar saz, tekst, klip ýa-da obložka döredilende emeli aňyň ulanylandygyny ýa-da ulanylmandygyny görkezmeli bolarlar...