Mersedes-Benz C-Class ýakyn aýlarda täze V8 hereketlendirijisini alar

  • 02.03.2025 08:39
  • 6.5k+

Mersedes-AMG "C-Class" modeliniň iň güýçli wersiýasy üçin gibrid gurluşyň ornuny tutjak täze görnüşi taýýarlaýar. Gibrid hereketlendirijili iki litrlik "dörtlügiň" ýerine 2026-njy ýylda täze V8 peýda bolar. Autocar-yň berýän habaryna görä, adaty V8-e geçmek kararyna gelinmegi häzirki gibrid shemasynyň tankyda sezewar bolmagy sebäp boldy.

Neşiriň çeşmesi hereketlendirijiniň düýbünden täze boljakdygyny tassyklaýar. Şeýle  hereketlendirijili ilkinji Mersedes-AMG CLE 63 awtoulagy şu ýylyň ahyrynda bildiriş ediler. Täze V8, megerem, kompaniýanyň beýleki modellerinde bar bolan, ýöne birneme üsti ýetirilen üýtgetmeler bilen ulanylýan turbo görnüşli 4,0 litrlik hereketlendirijä esaslanar.
Mundan başga-da, hereketlendiriji elektrikleşdiriş elementlerini alar. Geçiriş gutusynda integrirlenen starter-generatorly "ýumşak gibrid" bolar. Şeýle hem AMG sürülip barylýarka akustiki kabul edişi  gowulandyrmak üçin emeli ses generatoryny goşmagy meýilleşdirýär.
Mersedes-Benz entek hereketlendiriji baradaky jikme-jiklikleri doly aýtmasa-da, insaýderler kompaniýanyň dört-sekiz aralygynda birnäçe silindrli geljekki modeller üçin täze içinden otlanýan hereketlendirijilerini işläp taýýarlaýandygyny tassyklaýarlar.


30.04.2026 16:52
4.4k+

Mercedes tankytlardan soň awtomobillere fiziki düwmeleri gaýtaryp getirmek kararyna geldi

Mercedes kompaniýasy awtomobilleriň salonyndaky dolandyryş ulgamyna bolan çemeleşmesini täzeden gözden geçirýär we sanly ekranlary saklap galmak bilen, esasy funksiýalar üçin fiziki düwmeleri yzyna gaýtarmaly......

22.04.2026 16:13
2.6k+

Mercedes-Benz 762 km ýol ätiýaçlygy bolan batareýaly C-klassyny tanyşdyrdy

Mercedes-Benz kompaniýasy doly elektrik güýjüne geçirilen C-klass sedanynyň täze neslini tanyşdyrdy. Bu model elektrikli GLC krossoweriniň tehnologiýalaryny we dizaýn elementlerini özünde jemleýär....

21.04.2026 11:09
3.8k+

Mercedes-Benz täze EQS 2027-ni hödürledi: onuň başlangyç bahasy 94 müň ýewro deň

Mercedes-Benz kompaniýasy täzelenen EQS 2027 elektrik sedanyny tanyşdyrdy. Bu täze modeliň iň uly üstünligi, WLTP aýlawyna görä bir gezekki zarýad bilen geçýän aralygynyň (ätiýaçlyk ýolunyň) 926 kilometre......

13.04.2026 00:35
7.5k+

Mercedes-Benz EQS modelinde rula derek şturwal bolar

Mercedes-Benz kompaniýasy özüniň flagman elektrokary bolan EQS modeli üçin täzelemeleri tanyşdyrdy. Bu model brendiň taryhynda ruly bilen tekerleriniň arasynda mehaniki baglanyşyk bolmadyk, ýagny «sim arkaly»......